HabarlarSyýahatçylyk

Syýahatçylar üçin «Altyn wiza» düzgüni ýola goýlar

06-06-2023 / 8

Ýakyn wagtlarda Indoneziýada «Altyn wizalar» ornaşdyrylar diýip, ýurduň syýahatçylyk we kreatiw ykdysadyýet ministri Sandiaga Uno habar berýär.

Bu wiza daşary ýurt raýatlaryna Indoneziýada uzak wagtlap – ýagny, 5 ýyldan 10 ýyla çenli ýaşamaga mümkinçilik berer. Emma bu hyzmat diňe ynamdar myhmanlar üçin elýeterli bolar. Olaryň hasaplarynda ýeterlik mukdarda pul serişdeleriniň bolmagy bilen birlikde, ýene-de birnäçe şertlere goýulandyr.

Ýurduň häkimiýeti bu innowasiýanyň ýurtda syýahatçylygyň ösmegine uly goşant goşjakdygyna berk ynanýar. Şeýle-de, «Altyn wizalar» daşary ýurt maýadarlaryny hem özüne çekip biler.

Maglumatlara görä, häzirki wagtda ýurtda 30 günden köp bolmadyk bir gezeklik giriş wizasynyň bahasy 35 dollara deňdir.

Röwşen TÄÇDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu