Habarlar

100 sagat nahar bişirip Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

05-06-2023 / 8

Nigeriýaly aşpez Hilda Basseý Effiong 100 sagat nahar bişirip Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. Bu barada «ntv.com.tr» saýty habar berýär.

Hilda Baci ady bilen tanalýan 27 ýaşly aşpez, şu ýylyň 12-nji maýynda Nigeriýanyň Lagos şäherinde 100 sagatlap nahar bişirmek marafonyny dowam etdirip, täze rekord goýmagy başardy.

Ginnesiň rekordlar kitabyna giren Effiong, hindi aşpezi Lata Tondonyň 2019-njy ýylda 87 sagat 45 minutda nahar bişirip goýan rekordyny täzelemegi başardy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu