
2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynda ilkinji gezek bir gezeklik ulanylýan plastik gaplaryň ulanylmajakdygy mälim edildi. Ýurduň Ekologiýa öwrülişik ministri bolan Kristof Beçu bu barada habar berýär.
Beçu şäherinde ýerleşýän ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda geçirilen Plastik hapalygyny aradan aýyrmak üçin ýokary derejeli çärede žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. Beçu geljek ýyl plastigiň dolandyrylyşy babatda nusgalyk Olimpiýa oýunlaryny guramagy meýilleşdirýändiklerini belledi.
Tribunalarda bir gezek ulanmaga niýetlenen plastik gaplar hem bolmaz. Beçu ABŞ-nyň iň köp plastmassa sarp edýän ýurtdugyna ünsi çekip, dünýäde her ýylda jan başyna 60 kilogram plastmassanyň sarp edilýändigini belledi.
Ahmet SEÝITMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.



