
Aşgabat uzak ýyllaryň dowamynda adamlara ýaşamak, işlemek bagtyny peşgeş bermek bilen döretmek güýjüni hem bagyşlap gelýär. Türkmen paýtagty öz baý taryhy, ajaýyp şu güni we ýagty geljeginiň röwşen çyragy bilen köňülleri nurlandyryp, ylhamlary joşdurýar. Medeniýetiň, sungatyň we döredijiligiň mekany bolan ak şäherimize bagyşlanyp döredilen eserler bolsa ýakymlylygy, täsirliligi we many-mazmuny bilen görenlere we eşidenlere ruhy lezzet eçilýär. Aşgabadyň goýnunda döredilen we oňa bagyşlanan sungat eserleri görnüşine we döredilen döwrüne garamazdan öz täsirliligini, öwüşgünliligini, çeperçiligini saklap ýaş nesiller tarapyndan hem gyzgyn söýgi bilen garşylanýar.
Söýgüniň, ýagşy umyt-arzuwlaryň mekany bolan gözel Aşgabat türkmen aýdym-saz sungatynda hem öz mynasyp tarypyny tapýar. Türkmen kompozitorlary, belli bagşylary, estrada ýyldyzlary we ýaş ýerine ýetirijileri Aşgabat şäherini wasp edip, ençeme aýdym-saz eserlerini döretdiler. Olaryň döreden we ýerine ýetiren ajaýyp aýdymlarynda, mukamlarynda ak şähere mahsus parahatçylygyň, abadançylygyň, asudalygyň, bagtyýarlygyň we beýik işleriň beýany sungatyň dilinde belent heň, owadan owaz bolup ýaňlanýar.
Ýeri gelende bellesek, milli aýdym-saz sungatynyň görnükli ýyldyzlarynyň geçen asyrda döreden ajaýyp aýdymlarynyň nusgalyk ýazgylary bu günki toýly günlerimizde hem uly hormat-sarpa bilen diňlenilýär. Ussat halypalarymyz tarapyndan ýerine ýetirilip, aýdym-saz sungatynyň mirasynda saklanýan we ýaş sungaty öwrenijilere nusga bolýan aýdymlaryň hatarynda Maýa Kulyýewanyň «Aşgabat», Medeniýet Şahberdiýewanyň «Juwan ýaşly Aşgabat», Annagül Annakulyýewanyň «Öz Watanymyň aşygy men», Annaberdi Atdanowyň «Aşgabadym, gözüň aýdyň», Roza Töräýewanyň «Aşgabadyň agşamy», Aýdogdy Gurbanowyň «Aşgabadyň gyzlary» ýaly aýdymlary beýleki ägirtleriň eserleri buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar öz Watanyň paýtagtyny söýmegi, ondan ýeterlik ylham alyp ölmez-ýitmez eserleri döretmegiň hötdesinden gelen aýdymçylardyr.
Bu günki halypalaryň ýoluna we göreldesine eýerýän döwürdeş aýdymçy-sazandalarymyz hem mähriban paýtagtymyzy uly joşgun we ruhubelentlik bilen wasp edýärler. Döwürdeş aýdymçylarymyzyň, sazandalarymyzyň ýokary ýerine ýetirijiligi, kompozitorlarymyzyň kämil döredijiligi, şahyrlarymyzyň söz ussatlygy bilen sazlaşyp döredilýän we diňleýijlere hödürlenilýän Aşgabat owazlary eşretli eýýamymyzyň ruhy joşgunyny, gazanylýan üstünlikleri, ýetilen sepgitleri beýan edýär.
Rejepdurdy BEGENJOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.



