Habarlar

ÝHHG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana bolan sapary

04-06-2023 / 7

2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda hanym Helga Şmid hormatly Prezidentimize Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamalaryny gowşurdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň täze binasynyň açylmagy bilen hanym Helga Şmidi tüýs ýürekden gutlady we degişli güwänamalary gowşurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi ekologiýa babatda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň hyzmatdaşlygynyň anyk netijelere gönükdirilendiginiň subutnamasydyr. Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, halkara giňişlikde işjeň hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär hem-de abraýly halkara guramalaryň biri bolan ÝHHG-niň çäklerinde bu ugurda tagallalaryň utgaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär.

Ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşmalaryň barşynda özara ynanyşmagy pugtalandyrmakda we netijeli dialogy ilerletmekde syýasy-diplomatik mehanizmlere aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy tarapyndan “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahatyň geçirilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň parlamentara gatnaşyklar bilen üstüniň ýetirilýändiginiň subutnamasy bolandygyna üns çekildi.

Şeýle hem, hanym Helga Şmidiniň Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň dowamynda paýtagtymyzda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň täze edara binasynyň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasyna ÝHHG-niň Baş sekretary, guramanyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, ýurdumyzda işleýän daşary ýurt ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, 1999-njy ýyldan bäri Aşgabatda hemişelik esasda ÝHHG-niň merkezi hereket edýär. Bu gurama bilen hyzmatdaşlykda bilelikde işlemegiň tassyklanylýan meýilnamalarynyň çäklerinde geçen ýyllarda giň gerimli ugurlary gurşap alýan maksatlaýyn taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Munuň özi hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, durnukly ösüşe goldaw berilmegine, parahatçylygyň saklanylmagyna we adam hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işlerdir.

Myhman ÝHHG-niň Türkmenistan bilen ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda bu abraýly guramanyň çäklerinde ulag-aragatnaşyk ulgamynda köpugurly hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we ÝHHG ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak, suwdan peýdalanmak, tebigy serişdeleri oýlanyşykly ulanmak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin tagallalaryň birleşdirilmegini goldap çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysyny mübärekläp, bu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmaga, özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

Döwletýar ARÇAMYRADOW
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu