SliderŽurnalistiň sahypasy

Türkmen welosportunyň şöhratly ýoly

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni

03-06-2023 / 5029

        XIX-XX asyr dünýäde ylmy-tehniki açyşlaryň, oýlap tapyşlaryň eýýamy boldy. Şol açyşlaryň iň esasylarynyň biri hem welosipeddir. «Welosiped» adalgasy «velos» diýen latyn sözünden gelip çykyp, «çalasyn», «pes aýak» we  «aýaklary çalt hereketlendirýärin»  diýen manylary aňladýar. Türkmen halkymyzyň ýaşuly nesli bolsa  welosipedi «drezin» diýip atlandyrypdyrlar. 

        Türkmenistanda welosiped sporty uzak hem çylşyrymly taryhy ýoly geçdi. 1893-nji ýylyň 5-nji noýabrynda «Welosipedçileriň Zakaspi jemgyýetiniň ustawy» tassyklanylýar. Aşgabatda welosipedçileriň Zakaspi jemgyýeti 1894-nji ýylyň 5-nji aprelinde   döredilýär. Aşgabat obasyndan Haldurdy Çekir ogly 1896-njy ýylyň 29-njy sentýabrynda geçirilen Zakaspi jemgyýetiniň ikinji ýaryşyna gatnaşan ilkinji türkmen türgenidir. Aşgabatda tomus döwründe aýlawda ýa-da ýörite welosiped ýaryşy ýodasynda hepdäniň her ýekşenbe güni welosiped ýaryşlary geçirilýän eken. TSSR-iň çäginde trek ýaryşlaryny geçirmek üçin ilkinji welotregiň (welosipedçiler üçin ýodajygyň) gurluşygy 1926-njy ýylyň sentýabr aýynda tamamlanypdyr.

        Taryhy resminamalarda 1958-nji ýylda Aşgabat — Kaka — Tejen — Sarahs — Tejen — Mary — Baýramaly — Ýolöten aralygynda welosipedli ýaryşyň geçirilendigi barada maglumatlar bar. 1960-njy ýylda Duşanbede geçirilen Orta Aziýanyň çempionatynda bolsa Türkmenistanyň ýygyndy topary ähli garşydaşlaryndan rüstem gelip, sebitiň çempiony bolýar. Hut şu ýaryşa gatnaşan toparymyz soňra Rigada geçen bütinsoýuz ýaryşynda hem baş baýraga mynasyp bolýar.

        1935-nji ýylyň 11-nji iýunynda Aşgabatdan Moskwa tarap welosipedçiler topary ýola düşýär.  Toparda jemi 6 sany welosipedli türgen: Gluhow, Orazow, Luşnikow, Magtym Nyýazow, Sarkisow, Gurban Kel dagylar ýeňil bolmadyk synagly ýörişe ugrapdyrlar. Bu ýörişe gatnaşyjylar 15-nji iýunda agşam Türkmenbaşy şäherine gelýärler. Ýaryşyň iň kyn aralygy geçilip, 650 kilometrden gowrak ýol yzda galdyrylýar. Bu ýoly welosipedçiler dürli kynçylyklara garamazdan (gumuň içinden pyýada, ýeliň garşysyna, Gazanjyk — Akjaguýma aralygynda ýagyş ýagandygy sebäpli, laýly ýeriň üstünden sürüp), bellenen wagtdan bir gün öň geçýärler. Welosipedçiler Aşgabat – Moskwa aralygynda 4 müň kilometr, türgenleşik üçin hem 1 müň kilometr, jemi 5 müň kilometr aralygy geçýärler. Aşgabat – Moskwa welosipedli ýörişi wagtyndan 3 gün öň, ýagny 27-nji ýöriş gününde tamamlanýar. Welosipedçiler 1935-nji ýylyň 19-njy iýulynda gündiz 12 sagat 47 minutda Moskwa ýetýärler.

        Welosiped häzirki wagtda tutuş dünýäde iň ýörgünli ulag serişdesine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Kararnamada dünýäniň ähli ýurtlaryna ösüş strategiýasynda welosiped sportuna aýratyn üns bermek, ony milli, sebit we halkara maksatnamalaryna goşmak baradaky çagyryş beýan edilýär.

        Bu wakanyň hormatyna Aşgabatda «Welosiped» binasy guruldy. Bu bina 2020-nji ýylda dabaraly ýagdaýda açyldy. Bularyň ählisi bir maksada — 2030-njy ýyla çenli döwür üçin «Gün tertibinde» kesgitlenen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir. Sagdynlyk, sport we ekologiýa bolsa şolaryň ählisiniň içinden eriş-argaç bolup geçip, her bir ynsanyň abadan, asuda ýaşaýşyny gazanmak arkaly adamzadyň «umumy öýünde» durnukly ösüşidir rowaçlygy ilerletmegiň ählumumy ykrar edilen mizemez binýatlarydyr. Welosiped sporty häzirki döwürde dünýäniň sport babatda beýik ösüşlerine şaýatlyk etmek bilen bir hatarda adamzadyň parahatsöýüjilik taglymatlaryny, dostlugy we hoşniýetliligi dabaralandyrýar.

        2022-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi uly buýsançly waka öwrüldi. Munuň özi Bitarap döwletimiziň başlangyçlarynyň halkara giňişliginde ykrar edilýändiginiň subutnamasy bolup durýar.

        Hormatly Prezidentimiziň: «Welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Beýleki ulag serişdelerine garanyňda, ony dolandyrmak hem aňsat. Welosiped sporty bolsa sportuň ekologik taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolmak bilen, ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär» diýen sözleri sportuň bu görnüşiniň uly ähmiýete eýedigini görkezýär.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu