
2023-nji ýylyň 31-nji maýy 3-nji iýuny aralygynda Ýerewanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky medeniýet we sungat işgärlerinden, alymlardan, habarçylardan we talyp ýaşlardan düzülen türkmen wekiliýeti Ermenistana geldi.
Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Ermenistanyň Aram Haçaturýan konsertler zalynda geçirildi. Bu çärä Ermenistanyň döwlet edralarynyň ýolbaşçylary, ylmy toparlaryň we döredijilik jemgyýetçiliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Ermenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.
Şol gün türkmen wekiliýetiniň agzalary Ermenistanyň Jemgyýetçilik telewideniýesiniň binasyna, şeýle hem Keramatly Mesrop Maştots adyndaky “Matenadaran” gadymy golýazmalar ylmy-barlag institutyna baryp gördüler.
Ýerewanda geçirilýän bu döredijilik çäresiniň esasy maksatlarynyň biri nusgawy şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny giňişleýin şöhlelendirmekden ybaratdyr.
«TürkmenGazet».



