Habarlar

Ýurdumyzda galla oragyna girişildi

02-06-2023 / 10

Hormatly Prezidentimiz 26-njy maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde şu ýyl ýurdumyzyň welaýatlarynda gallanyň bol hasylynyň ýetişdirilendigini belläp, ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 2-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 9-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşulularymyzdan galla oragyna «Bissimilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Gysga wagtda geçirilýän galla oragy örän berk we sazlaşykly işi talap edýär. Şu ýyl ýurdumyz boýunça 690 müň gektar meýdanda ýetişdirilen bugdaýdan 1 million 400 müň tonna hasyl almak gallaçy daýhanlaryň öňünde belent maksat bolup durýar.

Harmanyňyz bereketli bolsun, edermen gallaçylar!

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu