
1-nji iýunda ýurdumyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryndan sowgatlar gowşuryldy.
Çagalar uly şatlyk we ruhubelentlik bilen myhmanlary garşy aldylar. Olar myhmanlar üçin aýdym-sazly çykyşlary taýýarladylar. Şeýle-de bu ýerde çagalaryň çeperçilik işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza özleri barada edilýän alada hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamak, arzuwlaryny amala aşyrmak ugrunda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
«TürkmenGazet».



