Habarlar

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze binasy açyldy

02-06-2023 / 10

1-nji iýunda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň täze binasynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Bu ýere gelen myhmanlar täze binada hünärmenleriň işlemegi, medeniýetli dynç almagy, maslahatlardyr mejlisleri geçirmek üçin döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdylar. Binanyň Köpetdagyň eteginde, paýtagtymyz Aşgabadyň iň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýändigini aýratyn bellemek gerek.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi 1999-njy ýyldan bäri hereket edip, howpsuzlygyň üç ölçegi boýunça toplumlaýyn işleri alyp barýar. Türkmenistan ÝHHG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, guramanyň Aşgabatdaky merkezi hem gender deňligi, adam hukuklary we adam söwdasyna garşy göreş boýunça ýurduň Hökümeti bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu