Siziň üçin...Slider

Pişikler dört aýagynyň üstüne düşýärmi?!

02-06-2023 / 6

Pişikler adama iň ýakyn jandarlaryň biri hasaplanýar. Dünýäde iň köp saklanýan öýdeçi haýwanlaryň biri bolan pişikler köp ýatýandygy we çeýe hereketleri bilen bellidir. Bu jandar erteki we multfilm gahrymany hökmünde hem has köp gabat gelýär. Pişikleriň nähili beýiklikden taşlansa hem dört aýagynyň üstüne düşýändigi aýdylýar. Eýsem, bu ýagdaý hakykatdan hem dogrumyka!? Bu jandarlar göz açyp-ýumasy salymda nädip öwrülip ýetişýärlerkä?

Ilki bilen pişikleriň hemişe dört aýagynyň üstüne düşmeýändigini aýdalyň! Maglumatlara görä kähalatlarda arkan düşýän ýagdaýyna hem gabat gelmek mümkin. Pişikleriň beden gurluşy örän çeýe bolup, tiz ylgamak, beýiklige bökmek we dar ýerden geçmek ýaly ukyplary bar. Bu jandarlaryň çeýeligi bedenini gysga wagtda düzeltmäge ýardam edýär. Şol sebäpli olar nähili beýiklikdenem aşak goýberilse-de derrew dikelip, dört aýagynyň üstüne düşmegi başarýarlar.

Pişikleri öwrenmek bilen meşgullanýan Emili Parker atly hünärmen bu ýagdaýyň refleks ýagny, ygtyýarsyz hereket bilen baglydygyny aýdýar. Refleks bu adamyň ýüzüne haýsydyr bir zat golaý gelse, birden gözüni gyrpmagy ýaly ýagdaýdyr. Pişiklerdäki bu refleks bolsa, bedeni belli bir tarapa ugrukdyrmaga ýardam edýändir. Şeýlelik-de, pişigiň kellesi hemişe dik ýagdaýda saklanyp, bedeniniň galan bölegini dolandyrýar. Dik durmak refleksi diňe pişiklerde däl, eýsem, ähli oňurgaly jandarlarda hem bar bolan ýagdaýlaryň biridir.

Pişikleriň bedeniniň örän çeýe bolup, onuň kellesi bilen aýagy 180 dereje aýlanyp bilmek ukybyna eýedir. Ýagny kellesi dik duran wagty art aýagy asmana bakyp bilýär.

Bilermenleriň bellemegine görä, pişik aşak gaçyp başlan mahaly onuň bedeniniň öňi bilen yzy bir-birinden garaşsyz ýagdaýda hereket edýär. Şeýle ýagdaýda pişik ilki öň aýaklaryny büküp, çalasynlyk bilen bedeniniň dik bolmagyny gazanýar. Parker «Buzda typýan türgen nädip ellerini ýygryp, çalasynlyk bilen aýlanýan bolsa, pişik hem şony edýär» – diýip belleýär. Şeýlelik-de, pişikler ilki öň aýaklaryny soňra bolsa bedeniniň bilinden aşagyny we arka aýagyny dikleýär. Bedeni diklenen badyna aýaklaryny uzadyp, ýere düşmäge taýýar bolýar.

Bularyň ählisi örän gysga wagtda bolup geçýär. Kähalatlarda bolsa pişikleriň ýere dik düşmekleri üçin wagty azlyk edip bilýär. Ýöne pişikleriň hem janlydygyny unutmaň we olary gynamaň!

Myrat MAKSADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu