Sen gitdiň, şemlerem durkun ýitirdi,
Gelmediň, garaşdym, gideliň bäri.
Indi öňküler deý ýazamok goşgy,
Ýalňyzlyga dözendigňi bilýäňmi?!
Seniň ýollaryňa intizar gözler,
Garaşypdy aýtmak üçin syryny.
Senden özgelere dözmedim men-ä
Gursakda çaň basyp giden syrymy.
Bilýän köp täzelik toplansyň maňa,
Ýellerden, güllerden habar ugratgyn.
Ne-hä seň özüň bar, ne-de ses-selem
Aýt, sen arzuwlamy nirä ugratdyň?!
***
„Şu gün köp ýadadyň ýat“ diýip maňa,
Bu halyma dözmän yşgy öçürýäň.
Wah, nädeýin, janym ejem, jan ejem,
Ýazanlarmy men täzeden göçürýän.
Sen öçürip gidýäň, bagyşla, käbäm,
Kejirligim bilen kejiňe gidýän.
Çyrany ýakňan-da gapyny ýapyp,
Şygyrlaň içinde ýaňadan ýitýän.
Eje jan, ylhamyň diýenin etmesem,
Öýkelek ol, menden öýkelär juda.
Ýanymdaka onuň gadryn bilmesem,
Meni şygyrýetden düşürer jyda.
Bilýän öýkeli sen, keşbiňden aňýan,
Halyma dözeňok düşünýän, käbäm.
Ýöne bir gün şu ukusyz gijeleň
Maňa bagt bolup geljegini aňýan.
***Yza gaýdyş
Hyýal içre çagalygňa dolanmak
Niçik lezzet eken hem ezýet eken.
Kakam her bazara giden mahaly,
Getiren gurjagy hemem kagyza
buýr-bulaşyk edip Güneşi çeken
galamlarym. Asyl, men däl-de, göýä
olar meniň tes-tegelek durmuşym
bulam-bujar pikirlerden dolduryp
öýjük-öýjük oýny ýaly hut şolar
düzen ýaly ykbalymyň gurluşyn.
Iş tapmasam kagyzlara bir zatlar,
çekjek bolup çyzym-çyzym edişim.
Gör-ä, bu gün olar ar alýan ýaly
Maňlaýyma çyzyk çyzyp gidişin.
Hasapsyz zat ýok ekeni durmuşda,
Edeniň alnyňa gelýän ekeni.
Ykbalyň bir zady eliňden alsa,
Ol hökman başga zat berýän ekeni.
Çagalygmy penjesine gysansoň,
Ýaşlygyň ýelgini ýel bolup geldi.
Käwagt aýnada tanaman keşbim,
diýýän “Şu menmi”?
Gülnar GELDIMYRADOWA.