
Hytaý 2030-njy ýyla çenli kosmosa uçuşy gurnap, Aýa gadam basmagy maksat edinýändigini mälim etdi. Bu barada «Sinhua» habarlar agentligi habar berýär. Hytaýyň Kosmos Maksatnamasy boýunça guramasynyň müdiri: «Hytaý Aýyň üstüne gonmagy hem-de Älem giňişligini has içgin öwrenmäge şert döreder» – diýip aýdýar.
Maglumatlara görä, gurama häzirki wagtda uçuşy gurnamak üçin degişli işleri alyp barýar. Uçuşyň esasy maksady bolsa ylmy gözlegler we tehnologiýa synaglaryny geçirmekden ybaratdyr. Şeýle-de, bu uçuşy amala aşyrmak üçin «Long March-10» atly kosmos gämisi peýdalanylar. Hytaý mundan ozal 2050-nji ýyla çenli Aýda doly işleýän gözleg bazasyny döretmek meýilnamasyny amala aşyrmaga girişilendigini hem bellesek ýerlikli bolar.
2028-nji ýyla çenli kosmosa 7 sany uçuş meýilleşdirilip, olar gözleg işlerini amala aşyrar.
Şamyrat ISAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.



