
Fransiýanyň çempionatynda çempionlyk gazanan PSŽ-niň hüjümçisi Kylian Mbappe Ligue 1-iň futbolçysy diýlip yglan edildi. 24 ýaşly meşhur futbolçy bu ugurda garşydaşlary Lionel Messiden, Jonatan Dewidden, Seko Fofana hem-de Lio Opendadan öňe saýlanyp, ýeňiş gazanmagy başardy. Bu barada «beinsports.com.tr» habarlar saýty habar berýär.
Mbappe Ligue 1-de ýylyň futbolçysy baýragyny 4-nji gezek eýelemegi başardy. 2019-njy, 2021-nji we 2022-nji ýyllarda bu baýragy alan Mbappe çempionatda 33 oýunda 28 gol geçirdi. Ýatlap geçsek, bu abraýly baýrak 2020-nji ýylda pandemiýa sebäpli hiç kime berilmändi.
PSŽ-niň ýyldyzy Kylian Mbappe klubdaky geljegi barada hem beýanat berdi. 4-nji gezek ýylyň oýunçysy diýlip yglan edilen ilkinji oýunçy bolmak bilen, Mbappe baýrak gowşurylyş dabarasynda: «Meniň iň möhüm ýaryşymda adymy goýup bilmek gaty gowy duýgy. Bu ajaýyp möwsümi başdan geçiren we Lille köp kömek eden Jonatan Dewiddi gutlaýaryn. Lionel Messä-de köp sag bolsun aýdýaryn. Ol hem maňa köp kömek etdi» diýip, aýtdy.
Klubdaky geljegi barada: «Geljek möwsüm PSŽ üçin oýnaryn. Klub bilen şertnamam bar we bu şertnamam tamamlanýança şu toparda oýnaryn» – diýip belledi.
Eziz KAKABAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.



