Welosiped ýaryşlary ilkinji gezek 1860-njy ýyllarda Ýewropada ýaýbaňlanyp başlaýar. Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna 1896-njy ýylda girizilýär.
Dünýäde müňläp türgenleri özüne imrindiren welosiped sporty birnäçe görnüşlere bölünýär. Olar şosse, trek ýaryşlaryndan, welokrosdan, figuralaýyn sürmek ýaryşyndan, mauntin-baýk, welobol, welopole ýaly birnäçe görnüşlerden ybaratdyr.
Şosse görnüşi bolanda – awtoulag gatnawlary üçin daş düşelip bejerilen, asfaltlanan giň ýollarda geçirilýän welosiped ýaryşlarynyň göz öňünde tutulýandygy köplere düşnüklidir. Şosse ýaryşlarynyň uzynlygy 100-200 kilometre çenli ýetip, möhleti bir ýa-da birnäçe günlük bolup bilýär. Bu ýaryşlarda türgenler şahsy ýa-da toparlaýyn birinjilik ugrunda güýç synanyşýarlar.
Trek – welosiped we motosport ýaryşlary üçin niýetlenilen ýörite ýoljagazdyr. Bu ýaryşlarda erkek adamlar hem-de aýal-gyzlar aýratynlykda çykyş edýärler. Trek ýaryşlarynda sprinterler (gysga aralyga ýaryşýan türgenler) 1 kilometre ýa-da 2-3 aýlawa ýaryşyp bilýärler.
Mauntin-baýk bolsa, dag welosipedini aňladýar. Ýolsuz ýerlerde sürmek üçin niýetlenilen dag welosipedi hem öz arasynda birnäçe toparlara bölünip, olaryň tigirleri berkligi, çeýeligi, maýyşgaklygy taýyndan tapawutlanýar.
Welosportuň figuralaýyn sürmek ýaryşynda akrobatika we sport maşklary ýerine ýetirilýär.
Welokros (kross – kesip geçmek, geçmek) – beýikli-pesli, tebigy çarkandakly ýerler boýunça geçirilýän welosiped ýaryşydyr.
Welobol we welopole – welosipedli pökgi oýnalýan sport oýunlarydyr.
Welosiped sporty bilen erkeklere 14 ýaşdan, aýal-gyzlara 16 ýaşdan meşgullanmak maslahat berilýär.
Welosport bilen meşgullanmagyň ynsan saglygyny berkitmekde ähmiýeti biçak uludyr, şeýle-de ol bedeniň gelşikli we syratly bolmagyna hem ýardam edýär. Bu sport bilen meşgullanýanyň bedeni kuwwatlanýar, ýüregi, dem alşy, gan aýlanyşy sazlaşykly işleýär, beýni gurluşy durnukly işjeňlige eýe bolýar.
Rahym GUWANÇMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.