Siziň üçin...Slider

Pähimli üçlükler

31-05-2023 / 3

  Üç sany kyn zat bar: syr saklamak, boş wagtyňy derekli ulanmak, göwnüňe degenlerinde özüňi saklamak.

  Üç zada: açgözlüge, ukyňa, gahar-gazabyňa erk etmegi başar.

  Üç zada: eliňe, diliňe, biliňe bek bol.

  Üç zatdan: ata-eneňden, ylym ataňdan, duzdan özüňi uly saýmak – külli günä.

  Üç zatdan doýup bolmaýar: ýalançynyň ýazyndan, didardan, mukamdan.

  Üç adamyň deňinden biparh geçilmeýär: hassanyň halyny sora, mätäje rehim et, teşnä suw ber.

  Üç ýerde kän eglenilmeýär: dilege barlanda, hassa soralanda, ajy habar eltilende.

  Üç zat ynsan mertebesini beýgeldýär: salam bermek, ejize hemaýat etmek, hassa soramak.

  Üç adamyň dilegi kabul bolýar: ejiziň, hassanyň, takwa kişiniň.

  Üç zat: köp iýmek, köp ýatmak, köp gürlemek saglyga zyýan ýetirýär.

  Üç zat ömrüňi uzaldar: halal zähmet çekmek, köp ýatmazlyk, ýaramaz endiklerden daşda durmak.

  Zähmet üç dertden halas edýär: tukatlykdan, azgynlykdan, mätäçlikden.

  Gowy ýaşaýşy üpjün edýän üç zat: kanagatlylyk, sabyrlylyk we dokmädelik.

  Üç ýerde adamy tanap bolýar: uzak ýola ýoldaş bolup, duldegşir goňşy bolup, ekin şärigi bolup.

Taýýarlan: Ergeş AMANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu