Matematiki funksiýa düşünjesi ýüze çykýança agyr we uzak ösüş ýoly geçdi. Eýýam gadymy matematiki işlerinde funksional baglylyk duş gelýär: ululyklayryp arasyndaky ilkinji matematiki baglylyklarda, şekilleriň meýdanyny we göwrümini hasaplamak şda ulanylýan ilkin formulalarda. Mysal üçin: 4,5 müň ýyldan mundan ozal wawilon alymlary tarapyndan tapylan töweregiň meýdanynyň formulasy töweregiň meýdanynyň onuň radiusyna bagly funksiýa bolup durýandygyny aňladýar. Şeýle hem funksiýa hökmünde biziň eramyzyň başlamazyndan has öň düzülip başlanan sanlaryň kwadratlarynyň we kublarynyň tablisalaryny görkezmek bolor. Emma, diňe VII asyryň başlamagy bilen funksiýa dünýä akyl ýetirmäniň esasy düşünjesi boldy.
VII asyrda Dekardyň, Fermanyň, Nýutonyň, Leýbnisiň işlerinde matematiki funksiýalar geometriki we mehaniki görkezmeler bilen baglu bolup durýar: absissalara baglylykda egriniň nokatlarynyň koordinatalary (); wagta baglylykda geçilen ýol we tizlik (); we ş.m. Dekart özüniň “Geometriýasynda” diňe algebraik deňlemeler arkaly aňladylýan egrileriň üstünde durup geçipdir. Şeýlelikde matematiki funksiýa analitiki deňlemeler ýagny formulalar hökmünde düşünilipdir.
“Funksiýa” sözini (latynça funktio – ýerine ýetirmek) ilkinji gezek 1673-nji ýylda Leýbnis tarapyndan ulanyldy, “ – a bagly funksiýa” jümlesi bolsa Leýbnis we Bernulli tarapyndan 1698 – nji ýyldan başlap ulanylyp başlanyldy.
Matematiki funksiýa ilkinji gezek 1718 – nji ýylda Leýbnisiň okuwçysy we kärdeşi, belli şwesar matematiki Iogan Bernulli tarapyndan kesgitleme berildi : “Üytgeýän ululygyň funksiýasy diýip şol üýtgeýän ululykdan hem hemişelik sandan islendik ýol bilen alnan mukdara aýdylýar.”
IX asyrda tebigy bilimleriň we matematikanyň ösmegi ugrunda edilen täze ädimler matematiki funksiýa düşünjesiniň has hem giňemedine getirdi. “Funksiýa diýilende näme düşünmeli” soragyň çözüwine uly goşandyny goşanlar: Eýler, Dalamber, D.Bernulli, Ž.Furýe we VII asyryň beýleki alymlary.
Häzirki wagtda matematiki funksiýa şeýle kesgitleme berip bolor: funksiýa – matematiki düşünje bolup, köplükleriň arasyndaky arabaglanşygy görkezär. Başgaça aýdanymyzda, funksiýa – bir köplügiň elementleriniň (kesgitleniş oblasty) beýleki bir köplügiň elementlerine (bahalar ýaýlasy) degişli edilýän düzgündir.
Matematiki funksiýa bir ululygyň nädip beýleki bir ululygyň bahasyny doly kesgitleýändigi barada barda intuitiw düşünje berýär.
Taýýarlan: Ruhiýa NAZAROWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.