
2023-nji ýylyň 29 — 31-nji maýy aralygynda Aşgabat şäherinde Bütindünýä Söwda Guramasynyň wekiliýeti saparda bolýar.
Bilşimiz ýaly, 2020-njy ýylyň iýulynda Türkmenistana BSG-de synçy derejesiniň berildi. Bu bolsa ýurdumyza guramanyň işiniň esasy ugurlary, onuň düzgünleri hem-de köptaraplaýyn söwda gün tertibi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.
«News Central Asia»-nyň habar berşi ýaly, bu gezekki duşuşyk barada geçen anna güni Ženewada Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili, ilçi Atageldi Haljanow bilen BSG-ä goşulmak boýunça bölüminiň müdiri Maika Oşikawa tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar Türkmenistanyň BSG-ä goşulmak we ýurduň daşary söwda düzgüni hakynda Memorandumy taýýarlamak meselesine garadylar. 2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň BSG-ni döretmek hakynda XII Marrakeş şertnamasyna laýyklykda, Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmaga taýyn ýurt derejesini alandygyny ýatlatmak isleýäris.
Guramanyň Baş Geňeşi BSG-niň agzalary bilen Türkmenistanyň gurama goşulmak şertleri baradaky gepleşiklerine gözegçilik etjek iş toparyny döretdi. Munuň özi bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlygyň has-da berkeýändiginiň subutnamasydyr.
Röwşen MYRADOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.



