
Ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyndan (ÝUNESKO) hoş habar gelip gowuşdy.
Şu ýylyň 10 — 24-nji maýy aralygynda bu düzümiň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem mejlisde ÝUNESKO agza döwletleriň 2024-2025-nji ýyllarda şanly seneleriň 46-synyň baýramçylyk dabaralaryna bu halkara düzümiň gatnaşmagy bilen baglanyşykly teklip goldanyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Ukrainanyň goldaw bermeginde ÝUNESKO-nyň Şanly seneler sanawyna türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygyny goşmak hakyndaky teklip hem bar.
ÝUNESKO-nyň 1992-nji ýylda döredilen “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasy dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň gadymy ýazuw ýadygärliklerini — kagyz ýüzünde bolşy ýaly, ses ýazgysynda, sanly ulgamda we beýleki görnüşde ägirt uly gymmatlygy bolan resminamalar toplumyny gorap saklamak bilen bagly halkara taslama bolup durýar. Maksatnama medeni mirasy giň okyjylar toplumyna hödürlemegi maksat edinýär.
Beýik türkmen şahyry hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň ÝUNESKO-nyň Şanly seneleriniň sanawynda orun almagy beýik söz ussadynyň gymmatly mirasy bilen türkmen halkynyň dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşandygynyň aýdyň beýanydyr.
Saparberdi GULOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.



