Ussat suratkeş Jon Foreman «Dünýä heýkeltaraşy» atly eserinde gipnotiki nagyşly daş bezegleri bilen ajaýyp sungaty ýerine ýetirýär.
Onuň bir eserini tamamlamagy üçin ortaça 4 sagat ýaly wagt gerek bolup durýar. Ilkinji nobatda ediljek şekiliň daşlaryny gözlemeli, soňra bolsa ony tertiplemeli. Foreman daşlaryň özboluşlylygy bilen döredijiligi ösdürmegi üçin özüni bu prosesiň akymyna goýýar.
Usssat suratkeş «Tükeniksiz mümkinçilikler bar. Olaryň hersi beýlekisinden tapawutlanýar. Çykmak we ýok zady döretmek akyl saglygyma uly täsir edýär. Bu meniň aňymy sagdyn we asuda saklaýar» diýip, belleýär.
Suratkeş giň kenar ýakasy bolan Uelsiň Pembrokşire şäherinde ýaşaýandyr. Ynha ussat döredijiniň käbir sungat eserleri:
Laçyn GURBANMUHAMMEDOWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 302-nji toparçasynyň talyby.