Ilki bilen emeli aň barada gysgaça maglumat edineliň! Emeli aň (“Artificial Intelligence”) – kompýuterleriň we robotlaryň aňy, soňky ýyllarda açylan kompýuter ylymlarynyň bir görnüşi. Kitaplarda emeli aň “pikirlenip bilýän agentleri öwrenmek we olary ýasamak” diýlip düşündirilýär. Pikirlenip bilýän agentler bolsa daşky gurşawa görä ädimlerini üstünlikli ädip bilýän ulgamlardyr. Muňa 1956-njy ýylda at goýan John McCarthy bolsa “akylly maşynlary öwrenmek ylmy we onuň inženerligi” diýen manyny berdi. Emeli aň ylmy adamlarda bar bolan akyly maşynlar üçin hem programmirläp bolar diýen netijä geldi.
Emeli aň ylmynyň esasy maksatlary adam beýnisiniň funksiýalaryna modeller arkaly düşünmäge çalyşmakdan, bu usullary formal ýagdaýa getirmekden we kompýuterlere girizmekden, kompýuterleriň ulanylşyny aňsatlaşdyrjak programmalary oýlap tapmakdan, akylly ulgamlar we umumy maglumat ulgamlaryny ösdürmekden, zehinli robotlaryň görnüşlerini ösdürmekden, bilim gözlegleri we açyşlar üçin gözleg kömekçilerini ösdürmekden, önümçilik işleri üçin ähli pudaklara kömekçi bolmakdan, adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirmekden we hojalyk işlerinde peýdalanmakdan ybarat.
Ähli zatlar we olaryň häsiýetleri, bölünişleri, başga zatlara bolan baglanyşyklary, ýüze çykyp biljek dürli ýagdaýlar, ýagdaýlaryň görnüşleri, wagty, sebäpleri, olaryň täsiri we şuňa meňzeş ýene-de birnäçe ýagdaýlar emeli aňyň tanap we tapawutlandyryp bilýän aýratynlyklaryny düzýär.
Mysal üçin, guş barada gürrüň edilse, adamlaryň kellesine geljek ilkinji zat – kiçijek, uçup bilýän we aýdym aýdyp bilýän jandar. Emma guşlary umumylykda alanyňda welin, bu sanalan aýratynlyklar olaryň köpüsinde ýok. 1969-njy ýylda John McCarthy muny tapawutlandyrma meselesi diýip atlandyrdy. Diýmek, emeli aň agentiniň guşlaryň ählisi barada düşünjesi bolmaly. Emma guşlar barada ilkinji kellä gelen pikire bütinleý dogry ýa-da bütinleý ýalňyş diýip bolmaýar. Alymlar bu meseleleriň çözüwleriniň käbirini tapdylar.
Emeli aň ylmynyň gözleg we işleme meýdanlary diýseň giňdir.Emeli aň häzirki döwürde birnäçe ýerlerde duş gelýär. Bu meýdanlara aşakdakylary mysal getirmek bolar:
-Oýunlar (küşt, strategiýa we ş.m.)
-Emeli dünýä(internet ulgamynda)
-Nazarýeti subut etmek (logiki programmirleme)
-Önümçilik pudaklary (ykdysadyýet, senagat, saglygy goraýyş we ş.m.)
-Tebigy dile düşünmek, işlemek we terjime etmek
-Emeli oýlap-tapyşlar (ylmy oýlap-tapyşlaryň taslamalary)
-Robotlar (wezipeleriň meýilnamalaşdyrylmagy, robotyň işleri)
-Şekili aňmak (Obýekti düşünmek,harpy, sesi aňmak)
Emeli aňyň esasy aýratynlyklary hökmünde emeli aň torlary, genetik algoritmleri, akylly ulgamlary sanap geçmek bolar.
Ýokarky ýazgylary okap, „Adam akyllymy ýa kompýuter?“ diýen meşhur sowal ýene bir ýola seriňize dolan bolsa gerek. Onda bu sowala göni jogap bermekden owal şu mysallara seredeliň:
- Bir günüň içinde bir dükanyň müşderileri tarapyndan tölenen tölegleriň jemlenmegi adamlar tarapyndan hasaplananda köp wagt alýar, şol bir işi häzirki zaman kompýuterleri tarapyndan sekuntlar derejesinde ýerine ýetirip bolýar.
- Bir emeli hemranyň uçurylmagynda ýöremeli ýoly adam tarapyndan hasaplansa, hasaplaryň köplügi we adamyň çalt ýadamagy sebäpli ýalňyşlar köp bolup biler. Şol bir iş kompýuter tarapyndan has takyk we çalt hasaplanyp bilinýä
- 1997-nji ýylda küştde “deep blue” atly kompýuter dünýäniň küşt boýunça çempiony G. Kasparowy ýeňdi.
Muňa garamazdan, bir çagajyk suratdaky obýektleri biri-birinden tapawutlandyrmakda kynçylyk çekmeýär, emma kompýuter bu işi kynçylyk bilen oňarmagy mümkin. Şeýle hem, adamlar kompýuterleri dolandyrmasa, kompýuterleri programmirlemese, kompýuterler ýokardaky belläp geçen funksiýalarymyzy ýerine ýetirip bilmezler.
Taýýarlan: Arslan SABIROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.