SliderŽurnalistiň sahypasy

BMG: plastik bilen hapalanmany 80% azaldyp bolar

29-05-2023 / 8

2040-njy ýyla çenli Ýer şarynyň plastik bilen hapalanmasyny 80%-e çenli azalyp bolar. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) bilermenleri habar berýärler. Bilermenler polimer galyndylaryna garşy göreşiň – howa, tebigata we jemgyýetiň saglygyna ýetirýän zyýanly täsirini  azaltmagyň hasabyna dünýä ýurtlaryna trillionlarça dollar peýda getirjekdigini öňe sürýärler.

Hasabatda artykmaç gaplamalardan we ýok halatynda-da oňup boljak beýleki önümlerden ýüz öwürmegiň tutuş dünýäde plastik galyndylaryny azaltmak babatda ilkinji ädimdigi bellenilýär. Nobatdaky geçiriljek çäreler plastiki önümleriň gaýtadan işlenilmegini hem-de onuň gaýtadan ulanylmagyny ýokarlandyrmagy, şeýle-de polimer materiallaryň ekologik taýdan arassa görnüşler bilen çalşylmagyny öz içine alar.

UNEP-iň plastik senagaty bilen bagly döwlet syýasatyndaky öňe gidişlik 2040-njy ýyla çenli plastik galyndysynyň ýyllyk göwrümini 40 million tonna çenli azaltmaga mümkinçilik berer diýip çaklaýar. Eger-de zerur çäre görülmese, dünýäde her ýyl 227 million tonna plastmassa galyndylary emele geler.

Bilermenler diňe plastik önümlerini gaýtadan ulanmak arkaly 2040-njy ýyla çenli plastik bilen hapalanmanyň möçberini 30% azaldyp boljakdygyny bellediler. Şeýle taslama 2025-nji ýylda Beýik Britaniýada synagdan geçiriler. Gaýtadan işlemegiň artmagy 2040-njy ýyla çenli hapalanmany ýene 20% azaldar, plastigiň kagyz we çüýremäge ukyply materiallar bilen çalşylmagy bolsa dünýäni ýene-de 17% polimer galyndylardan halas eder. UNEP galyndylaryň galan bölegini esasy plastik önümçiligine salgyt salmagyň we plastmassa çykarmak üçin esasy çig mal bolan gazylyp alynýan ýangyjyň önümçiligi üçin subsidiýalary ýatyrmagyň hasabyna ýok etmegi teklip edýär.

Plastigiň ekologiýa taýdan has arassa görnüşlerine geçmek üçin ýylda 65 milliard dollar töweregi gerek bolar, ýöne bu mukdar global plastik senagatynyň ýyllyk çykdajysynyň diňe ýarysyny emele getirýär.

UNEP-iň hasabyna görä, geljekki 20 ýylyň dowamynda plastik bilen hapalanmanyň 80% azalmagy 3 trillion dollardan gowrak zyýanyň öňüni alyp, 500 million tonna CO2 zyňyndylaryndan dynmaga mümkinçilik berer. Hasabatda plastigiň az mukdaryna geçmegiň, esasanam, pes girdejili ýurtlarda 700 müň iş ornuny döretmäge mümkinçilik berjekdigi görkezilýär.

Mähri HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu