Sanlar, elbetde, hemme zat däl. Ýöne şeýle-de bolsa, ähli zatlaryň sanlar bilen baglydygy durmuş hakykaty.
Öz ýanlaryndan hemme zady sanamaýan hem-de ähli zadyň hasabyny ýöretmeýän hasap etseler hem adamlar tutuş ömrüniň dowamynda hemişe diýen ýaly sanlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Käwagt, özleri bilip ýa-da bilmezden, haýsydyr bir sana aýratyn ähmiýet berýärler. Hut şol sanlar bilen ömrüniň haýsydyr bir wakalaryny, diňe wakalaryny hem däl, başga-da ençeme zatlaryny baglanyşdyrýarlar. Mahlasy, biziň söhbedimiz sanlaryň täsin syrlarynyň käbirine ünsi çekmek.
Aslynda Günbatarda 21-lik sany şowly sanlaryň biri hasaplaýarlar. Bijesinden 21-lik san çykan kişide öz ykbalyny oňatlyga tarap özgertmäge iň amatly mümkinçilikleriň dörejekdigine ynanypdyrlar.
Bar bolan maglumatlara görä, 21-lik ruhy kuwwatyňy artdyryp, adamlara özüňde bar bolangizlin ukyp-başarnygyny, talantyny ýüze çykarmaga kömek edýär. 21-lik sanyň süňňünden çykýan güýç haýryň şeri ýeňmegine goldaw berijidir. Näme üçin 21-lige aýratyn ähmiýet berýäris.
Türkmençilikde 3, 4, 7, 9 sanlaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Esasan hem 7-lik san şowlulygyň,üstünligiň 21-ligiň düzüminde bolsa 3 sany 7-lik bardyr. Dörtburç sülme süňkjagazlarynyň ýüzündäki sanlaryň jemi näçedir öýdýärsiňiz?! Elbetde —21. 1+2+3+4+5+6=21.
Mansur HAÝITOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.