Görnükli taryhy şahslaryň biri hytaý akyldary Konfusi hasaplanýar. Hytaý taryhynda Konfusiý iň täsirli we hormatlanýan filosof bolupdyr. Onuň pikirleri we garaýyşlary asyrlar boýy hytaý jemgyýetine iň güýçli täsir edip gelen filosofiýa bolup durýar. Onuň esasy maksady bolsa adamyň edep-ahlak keşbini we jogapkärçiligini terbiýelemekden ybarat bolupdyr.
Hytaý hökümdarlary Konfusiniň filosofiýasyny resmi döwlet filosofiýasy hökmünde öňe sürüpdirler. Onuň filosofiýasy Hytaý bilen goňşy bolup ýaşaýan Ýaponiýa, Koreýa hem-de Wýetnam ýaly ýurtlara ýaýrapdyr.
Konfusiý b.e. öň, takmynan, 551-nji ýylda Lu diýen welaýatda (Häzirki Hytaýyň Şandun welaýaty) eneden dogulýar. Onuň hakyky ady Kong Kiu bolupdyr. “Konfusiý” diýmek “Beýik ussat mugallym Kung” diýmegi aňladýar.
Konfusiý adamyň asyllylygyny oňat edep-ekramy, ahlak sypatlary bilen kesgitlemeli diýen pikiri öňe sürüpdir.
Konfusiniň pelsepewi pikir ýöretmelerinde adamkärçilik, jemgyýetçilik gymmatlyklary, ylma, bilime bolan söýgi beýan edilýär.
Şyhdurdy REJEPOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.