XVI asyrda ýaşan türkmen akyldary, şahyry we görnükli döwlet işgäri Patyşa Hojanyň döredijiligi baradaky maglumatlary, onuň eserlerinde ynsanperwerlige, haýra, ýagşylyga degişli garaýyşlaryny ýaşlara ýetirmek zerur. Ol, takmynan, 1480-nji ýylda Gökdepäniň Isbirden obasynda dogulýar. Bilim almak we gulluk-iş ýagdaýlary bilen baglanyşykly Mary, Samarkant, Buhara, Balh, Hyrat şäherlerinde ýaşaýar. Şahyr halka hyzmat etmegi özüniň borjy hasaplapdyr. Ol jemgyýetiň kämilligi, adamlaryň belent ahlagy barada nesihat beriji ajaýyp eserleri hem ýazypdyr.
Patyşa Hojanyň kakasy Abdylwahhap Hoja hem ylymly-bilimli adam bolup, köp sanly şägirtlere sapak beripdir. Patyşa Hoja ýaşlykda ilki bilimi öz atasyndan alýar we esasy ylmy döwrüniň meşhur medreselerinde alypdyr. Ol 1496-njy ýylda Nusaý we Abywerd hökümdary Kepek Mürzäniň, ýagny Hüseýin Baýgaranyň ogly Muhammet Muhsin Mürzäniň gullugynda sadrlyk wezipesi bilen işe başlaýar. Patyşa Hoja şu döwürden başlap, döwlet we jemgyýetçilik işgäri, alym, şahyr hökmünde tanalyp ugraýar.
Ol 1508-nji ýylda Durun welaýatyna häkim bellenýär. Patyşa Hoja 1510-njy ýylda Merw şäherine gelýär, soňra Samarkantda, Buharada ýaşaýar. Uzak ýyllaryň dowamynda Kermanda, Buharada, Balhda şol döwrüň hanlarynyň döwlet diwanlarynda möhüm wezipeleri alyp barýar. Patyşa Hoja 1543-nji ýylda Balhdan öz wezipesini taşlap, Buhara gaýdýar we bu ýerde üç ýyl töweregi ýaşap, dogduk mekany Nusaýyň Isbirden obasyna (Gökdepä) gaýdyp gelýär we togsan ýaşlarynda aradan çykýar.
Patyşa Hojanyň dört ogly bolup, olar Abdysalam Hoja, Baba Hoja, Şahym Hoja we Hasan Hoja Nisarydyr. Olaryň hemmesi ylymly-sowatly, alym, şahyr bolup ýetişýär we döwrüniň mertebeli adamlary hasaplanypdyr. Patyşa Hojanyň ogly Hasan Nisarynyň şahyrlyk şöhraty Hindistanda hem meşhur bolupdyr. Ol Hindistanyň şasy Akbaryň köşgüniň «Şahyrlar şasy» Kemaleddin Faýziý Dakany bilen dostluk-döredijilik gatnaşyklaryny saklapdyr.
Patyşa Hoja döwrüniň syýasy, döwlet we jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmak bilen birlikde, görnükli alym, ökde şahyr bolupdyr. Onuň türkmen we pars dillerinde «Gülzar», «Adalat açary», «Ýaşaýşyň maksady», «Leýli-Mejnun» ýaly ajaýyp eserleri we bir diwan bolup biljek kämil şygyrlary ýazandygy hakynda maglumat bar. Häzire çenli alymyň «Gülzar», «Adalat açary» we «Ýaşaýşyň maksady» eserleri okyjylara mälimdir.
Patyşa Hoja XVI asyr türkmen edebiýatynyň taryhynda özüniň adam, durmuş, ruhy kämillik barada möhüm edebi-pelsepewi pikirlerini galdyran ajaýyp akyldar şahyrdyr. Onuň «Gülzar» we beýleki eserlerinde umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp bolan ruhy-ahlak ýörelgeleriniň toplumy jemlenýär.
Elif HYDYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby.