Habarlar

Mingazowyň täze üstünligi

29-05-2023 / 12

Häzirki wagtda «Kitçi» toparynda çykyş edýän Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow möwsümiň jemi boýunça Gonkongyň futbol çempionatynyň iň ökde futbolçysy diýlip yglan edildi. Bu barada Gonkongyň Futbol assosiasiýasynyň resmi saýtynda bellenilýär.

Mälim bolşy ýaly, ökde futbolçy Mingazowyň çykyş edýän «Kitçi» futbol topary ýaňy ýakynda tamamlanan Gonkongyň futbol çempionatynyň ýeňijisi bolmagy başarypdy.

Gonkongyň futbol çempionatynyň tamamlanan möwsüminde birbada üç oýunçynyň iň netijeli futbolçy diýen ada eýe bolandygyny hem aýratyn bellemek gerek.

Bu abraýa Ruslan Mingazowdan başga-da, Deýan Damýanowiç hem-de braziliýaly hüjümçisi Ewerton Kamargo eýe boldy.

Mingazowyň çykyş edýän toparynyň möwsümdäki üçünji Kubogyny gazanandygyny hem bellemek gerek. Bu topar möwsümiň başynda «Gonkong Senýor Şild» Kubogyny hem gazanmagy başarypdy.

Ýeri gellende bellesek, şu ýylyň ýanwarynda «Kitçi» topary Ruslan Mingazow bilen 2025-nji ýyla çenli şertnamasyny täzeledi.

Mekan HOJAMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu