
Söz — ynsan bezegi. Dilden çykan söz adamzadyň akyl-terbiýesini, görüm-göreldesini, ruhy gözelligini we derejesini kesgitleýär. Şol sanda söz terbiýäniň hem gönezligi hasaplanýar. Çünki özünde «jadylaýjy» häsiýeti jemleýän sözüň kömegi bilen adamy güldürip, agladyp, ruhuny galkyndyryp bolýar. Adamyň gürleýşinden onuň häsiýetini, pähim-paýhasyny kesgitlemek mümkin. Hut şonuň üçinem oňat sözlemek, hoşniýetli gürlemek endigini ynsanyň kalbyna ýaşlygyndan guýmak gerek. Bu barada Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde:
«Asla adamzada ajy söz urmaň…
…Ajy sözler dilden çykan bir okdur…» ýaly setirlere duşmak bolýar. Özüniň gyzyla gaplaýmaly diýdirýän şeýle ajaýyp jümleleri, dürdäne setirleri, dana pikirleri bilen adamzat jemgyýetiniň gözelleşmegine uly goşant goşan dana Pyragynyň köpugurly şygryýet dünýäsiniň aglaba bölegini edep-terbiýe, öwüt-ündew häsiýetli goşgularyň tutýandygyny nygtamak gerek. Bu bolsa öz gezeginde şöhratly pederlerimiziň edep-ekram, görüm-görelde, ene-atany hormatlamak, ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly edim-gylymlarynyň we milli däp-dessurlarymyzyň asyrlar aşyp biziň günlerimize çenli gelip ýetmegine uly mümkinçilik açypdyr. Şahyryň edermenligi, batyrlygy, mertligi ündeýän setirleri bolsa türkmen ýaşlarynyň watançylyk ruhlaryny has-da galkyndyrýar.
Magtymguly her bir ynsanyň özüni ahlak taýdan kämilleşdirmeginiň hem tarapdary bolup çykyş edipdir. Ol watanperwerligiň, zähmetsöýerligiň, halal ýaşamagyň, sahylygyň esasynda jemgyýetiň ösüşini gazanmagy ündäpdir.
Bu gün bolsa tutuş türkmen ruhy galkynýar. Çünki biz agzybirligi, jebisligi, döwletliligi, umuman iň ýagşy häsiýetleri wagyz eden dana Pyragynyň arzuwlan bagtyýar zamanasynda ýaşaýarys. Ýaňy-ýakynda ÝUNESKO-nyň «Dünýä hatyrasy» atly maksatnamasyna goşulan 64 dokumental ýygyndynyň sanawynda Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň hem bolmagy biziň akyldarymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy.
Gülçehra BABAKOWA,
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiň mugallymy.



