Habarlar

Owganystanly demirýolçular Türkmenabatda okuw geçdiler

27-05-2023 / 8

Ýakynda owganystanly ýaş demirýolçularyň birnäçesi «Türkmendemirýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki hünär okuw mekdebini tamamlap, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň şahadatnamalaryna mynasyp boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Mundan dört aý ozal başlanan okuwlar «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Owganystanyň demir ýol edarasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan okuw meýilnamasyna laýyklykda alnyp baryldy.

Demir ýollaryň gurluşygy, wagonlary düzmek we dolandyrmak hünäri boýunça geçirilen okuwyň dowamynda amaly-tejribe önümçilik sapaklary hem guraldy. Owganystanly ýaşlar önümçilik sapaklarynda Türkmenabat şäherindäki «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň şahamçalarynda önümçilik-tejribe sapaklaryny geçdiler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu