Habarlar

«Soňky jaň» dabaralary geçirildi

26-05-2023 / 11

25-nji maýda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu nurana baýram soňky jaňyň kakylmagy bilen ýaş oglanlaryň we gyzlaryň on müňlerçesiniň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.

Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu nurana baýram soňky jaňyň kakylmagy bilen ýaş oglanlaryň we gyzlaryň on müňlerçesiniň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.

Dürli sport ýaryşlaryna gatnaşan, ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan hem-de döredijilik bilen meşgullanyp has tapawutlanan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Soňra ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde dürli dabaralar geçirildi. Çagalaryň, ene-atalaryň, mugallymlaryň we halypalaryň adyna minnetdarlyk sözleri, arzuwlar aýdyldy. Beden taýdan sagdyn, ruhubelent, zehinli, giň dünýägaraýyşly uçurymlary ýetişdiren mugallymlar aýratyn üns bilen gurşalyp alyndy. Bu ajaýyp gün ýaşlygyň, bilimiň we asylly maksatlaryň nurana baýramy hökmünde oglan-gyzlaryň hakydasynda hemişelik galar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler hem-de ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek baradaky ägirt uly aladalary, işlemäge we okamaga, ýokary bilimli, täzeçil pikirlenýän, maksada okgunly ýaş nesilleriň kemala gelmegine, olaryň ukyp-başarnyklarynyň, döredijilik mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna hemme şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Agşam baýramçylyk dabaralary Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde bolsa sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Artistler aýdymlaryny ajaýyp paýtagtymyza, Watanymyza, halkymyza hem-de mekdep ýyllaryna bolan söýgä bagyşladylar. Horeografik, folklor toparlary, ýaş aýdymçylar tomaşaçylary öz çykyşlary bilen begendirdiler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu