Siziň üçin...Slider

Aşgabat — rekordlaryň şäheri

25-05-2023 / 4

Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde tanalýan baş şäherimiziň gözel künjekleri — seýilgähleridir ak mermere beslenen binalary, medeni-durmuş maksatly desgalary bilen haýrana goýýar. Galyberse-de, gözelligiň taýsyz nusgasy bolan paýtagtymyz Ginnesiň rekordlar kitabynda orun alan ilkinji şäherleriň biridir. Aşgabat iň ýokary derejede ak mermer bilen örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde bu derejä eýe boldy.

2008-nji ýylda paýtagtymyzyň Arçabil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Döwlet muzeýiniň öňündäki Türkmenistanyň Döwlet baýdak sütüni, 2010-njy ýylda Bitarap Türkmenistan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän «Oguzhan we onuň ogullary» suw çüwdürimler toplumy, 2011-nji ýylda «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi, 2012-nji ýylda «Älem» medeni-dynç alyş merkezi we «Bagt köşgi», 2016-njy ýylda paýtagtymyzyň Halkara howa menzili, 2017-nji ýylda Aşgabat Olimpiýa stadiony hem-de Olimpiýa suw-sport toplumy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Görnüşi ýaly, Türkmenistanyň gözel paýtagtyna – rekordlar şäheri diýmek bolar. Sebäbi Aşgabadyň özboluşly desgalary Ginnesiň meşhur rekordlar kitabyna on bir gezek girizildi. Aşgabadyň ajaýyplyklarynyň Ginnesiň rekordlar kitabynda beýan edilmegi mähriban Arkadagymyzyň paýtagtymyzy dünýäniň iň bir gözel, owadan, arassa şäherine öwürmek babatda alyp barýan işleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Hojamyrat ESENOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu