Siziň üçin...Slider

«AŞGABAT» sözi nähili döräpdir?

25-nji maý - Aşgabat şäheriniň güni

25-05-2023 / 2

Häzirki döwürde «Aşgabat» sözüniň döreýşi barada birnäçe pikir bar. Öwez Gündogdyýewiň «Aşgabat – keramatly ärsagyň şäheri» atly kitabynda bu barada gyzykly maglumatlar getirilýär.

Kitapda beýan edilişi ýaly, XX asyryň birinji onýyllyklarynda belli dilçi alym A. Poseluýewskiý bu şäheriň adynyň parfiýa patyşalarynyň haýsy hem bolsa biriniň ady bilen baglanyşyklydygy baradaky çaklamany öňe sürdi.

XX asyrdaky dürli neşirlerde bu şäheriň ady aşakdakylar ýaly düşündirildi.

  1. Taryhçy S.G. Agajanow: «Aşgabat – Ärsaglar şäheri».
  2. Jugrafiýaçy E.M. Mürzäýew: «Astarta atly hasyllylygyň we söýginiň zenan hudaýynyň şäheri».
  3. Dilçi alym S. Atanyýazow: «Aşgabat –Yşkabat («eşh» – söýgi we «abat» – mekan, şäher».
  4. Kinorežissýor A. Atajanow: «Aşgabat – Asabat («as» – asman, «abat» – mekan, şäher)».
  5. Atlantolog W. Şerbakow: «Aşgabat – Asgard (aslaryň şäheri)».

Ine, Aşgabadyň ady bilen baglanyşykly esasy düşündirişler şulardan ybaratdyr. Olaryň arasynda iň ýörgünlisi Aşgabadyň «yşk şäheri», «aşyklaryň şäheri» diýmegi aňladýandygy baradaky düşünjedir. Ýöne bu örän ýakymly eşidilýänem bolsa, bu ýerde hemme zat şeýle bir aýdyňam däl. «Eşh» pars-arap sözi bolmak bilen türkmen dilinde «yşk» (söýgi) we «aşyk» diýlip okalýar. Ýöne bu şähere Eşhabat, Aşkabat, ýa-da Aşykabat diýilmeýär ahyryn!

Ýokarda getirilen ikinji (bu düşündirişiňem tarapdarlary az däl), dördünji we bäşinji çaklamalar babatda aýdylanda bolsa, olaryň bary Aşgabat sözüne esas edip, «as» köküni alýandyklaryny we «Aşgabat» sözüniň «Aşg» we «abat» diýen iki bölege bölünýändigini hasaba almaýandyklary üçinem kabul ederlikli däldirler. Sebäbi «aşg» diýmek «as» diýmek däldir. Diýmek, diňe birinji düşündiriş galaýýar. Ony saýlap almaga birnäçe taryhy maglumatlar esas berýär.

Taýýarlan: Marufjan AZATJANOW,
TOHI-niň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu