Miras we eýeçilik hukugy iň köp duş gelinýän meseleleriň biridir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Raýat we Maşgala Kodekslerinde durmuş meseleleri boýunça raýatlaryň hukuklary anyk düzgünleşdirilýär. Bu kanunçylyk namalarynda kimiň, haçan we haýsy ýagdaýlarda miraslyk hukugyna eýe bolup bilýändigi anyk görkezilýär. Bu boýunça maşgala agzalarynyň arasynda dürli ýagdaýlar döräp biler. Şu ýerde her bir raýatyň ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynda berkidilen hukuklary barada aýratyn aýdasym gelýär. Ýagny, Maşgala kodeksiniň 52-nji maddasyna laýyklykda, är-aýalyň nikaly döwründe edinen emlägi olaryň bilelikdäki umumy eýeçiligi bolup durýar diýlip kesgitlenilendir. Är-aýalyň biri aradan çykan halatynda, olaryň umumy eýeçiligindäki paýa bolan hukuk hakynda şahadatnama diri galan äriň (aýalyň) ýazmaça beren arzasy boýunça mirasdarlara bu barada deslapdan habar bermek bilen miraslygyň ýüze çykan ýeri boýunça döwlet notarial edarasy tarapyndan berilýär. Şol şahadatnama är-aýalyň adyna nika döwründe gazanylan umumy emlägiň ýarysyna (½ bölegine) berler. Diri galan är-aýalyň razylygy bilen mirasy kabul eden mirasdarlaryň ýazmaça arzasy boýunça şol şahadatnamada aradan çykanyň umumy emläkdäki paýy hem kesgitlenilip bilner.
Nikaly döwründe edinilen emlägiň galan ½ bölegi bolsa Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 1096-njy maddasynda kesgitlenilen kanun boýunça mirasdarlara degişlidir. Mirasdarlaryň birinji derejesini, ýagny, kanun boýunça toparyny miras galdyryjynyň aradan çykan pursadyna çenli diri bolan adamlar, şeýle hem miras galdyryjy aradan çykandan soň doglan çagalary düzýär. Kanun boýunça miras berlende, deň paýly hukuga, birinji nobatda, çagalar (şol sanda ogullyga alnanlar), äri-aýaly we aradan çykanyň ene-atasy (ogullyga alyjylar), şeýle hem aradan çykandan soň, onuň doglan çagasy miras kabul edijiler bolup durýar. Ikinji nobatda bolsa aradan çykanyň doganlary we uýalary, onuň atasy we enesi, babasy we mamasy miras kabul edijidirler.
Şahsyň aradan çykmagy netijesinde miras ýüze çykýar. Miras galdyryjynyň ýaşaýan ýeri (eger-de şol belli bolmasa onda miraslygyň ýerleşýän ýeri) mirasyň ýüze çykan ýeri diýlip hasaplanylýar. Eger miras dürli ýerlerde ýerleşýän bolsa, mirasyň ýüze çykan ýeri diýlip gozgalmaýan emlägiň ýa-da onuň gymmatly böleginiň ýerleşýän ýeri hasaplanylýar. Eger-de gozgalmaýan emläk ýok bolsa, gozgalýan emlägiň ýa-da onuň esasy böleginiň ýerleşýän ýeri hasaplanylýar.
Mirasy kabul etmegiň umumy möhleti mirasyň ýüze çykan gününden başlap alty aýdyr. Mirasdarlara mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnama, miras ýüze çykan gününden başlap, alty aý dolandan soň, islendik wagt berilýär. Aýratyn ýagdaýlarda bu şahadatnama ony soraýan şahslardan başga mirasdarlaryň ýokdugy hakynda maglumatlar bolan halatlarda alty aýdan öň hem berlip bilner.
Mirasdarlaryň ikinji topary (miras galdyryjynyň aradan çykan pursadyna çenli, şeýle hem ol aradan çykandan soň diri bolan adamlar, şeýle hem özüniňki we özüniňki däl çagalary, şeýle hem ýuridik şahslar) wesýetnama boýunça miraslyk hukugyny kabul edip bilýärler. Wesýetnama bilen fiziki şahs ölüm ätiýajy üçin özüniň emlägini ýa-da onuň bir bölegini öz toparyndaky mirasdarlaryň birine ýa-da birnäçesine, şeýle hem keseki şahslara galdyryp biler. Ony wesýet edijiniň özi düzmelidir. Iki sany şaýadyň gatnaşmagynda onuň dilinden wesýetnamany ýazyp almaga döwlet notariusa ýol berilýär. Şeýle hem onuň islegine görä, ýapyk wesýetnama düzmäge hem hukugy bardyr, şaýatlar wesýetnamanyň mazmuny bilen tanyşman, ony tassyklamalydyrlar, munda şaýatlaryň wesýetnama düzülende gatnaşmagy hökmanydyr. Ýapyk wesýetnama tassyklanylanda, şaýatlar özleriniň gatnaşmagynda wesýet edijiniň özi tarapyndan wesýetnamanyň düzülendigini, emma onuň mazmunynyň özlerine nämälimdigini görkezmelidirler.
Ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamynda berkidilen bu düzgünler ynsan bähbidiniň, jemgyýetiň jebisliginiň, döwlet asudalygynyň sazlaşykly hereketini üpjün etmäge ýardam edýär.
Maksat ÝAZYÝEW,
Köýtendag etrabynyň Dostluk şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.