
Aşgabat – halkara ylalaşdyryjy, halkara sport, syýahatçylyk we medeni merkez. 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, 2008-nji ýylda bolsa Ýewropa Bileleşiginiň «Ýewropa öýi» açyldy.
Merjen şäherimiz halkara forumlarynyň, maslahatlarynyň, dürli sergileriň, festiwallaryň, Medeniýet günleriniň geçirilýän merkezidir. Aşgabatda Olimpiýa şäherçesi gurlup, ol halkara ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Baş şäherimiz şonuň ýaly-da, Ýer ýüzüniň ähli künjeginden gelýän jahankeşdeleriň arzyly ýeridir.
Döwür bilen aýakdaş gidýän Aşgabat Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, sanly ulgamyň merkezine-de öwrüldi. Baş şäherimiz tapgyrlaýyn ösdürilýär. Paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda «Altyn köl» dynç alyş zolagynda döwrebap kottej jaýlar gurlar. Onuň 18-nji tapgyrynda bolsa, Köşi ýaşaýyş toplumynda dürli maksatly binalary, ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Özem olar sanly ulgam ornaşdyrylan «akylly» öýler bolar.
Gündizine Gün nuruna, gijesine Aý şuglasyna beslenen älemgoşar yşyklaryň nury ak mermerleriň gözelligine badaşyp, ak aýdym bolup ýüreklerde orun alýar. Kalba joşgun, ruha ganat berýän şäherimiz ömrümize bezeg berýär. Ykballara Kuýaş nuruny çaýýan ajaýyplyklaryň biri-birine sepleşmegi Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalarynyň netijesidir.
…Şahyrlaryň biriniň şygrynda «Baky juwan, Aşgabat» diýilýär. Aşgabat – hemişelik juwanlygyň, ýaşlygyň, aşyklaryň, gözelligiň şäheri. Ol ýyllar senenamasynda Ginnesiň rekordlar kitabyny ady bilen bezäp, her bir türkmenistanlynyň kalbyny buýsanç nuruna besleýär. Eger Aşgabat täsinlikler kitabyna häzire çenli 11 gezek giren bolsa, wagtyň geçmegi bilen, 20-nji, 50-nji, 100-nji gezek hem girer. Çünki ol göwünleriň hem, dünýäniň hem ykraryna öwrülýär.
Kakajan KAKAJANOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



