Ýaşlyk ýyllarym
Baharda açylan ter gül mysaly
Meniň mekdep ýyllam — ýaşlyk ýyllarym
Köp zady öwrenen, geçilen ýoly
Meniň mekdep ýyllam — ýaşlyk ýyllarym
Sütün deý ýigitler, gül kibi gyzlar
Ömür ýatdan çykmaz, mähirli gözler.
Doganym deý ýakyn, mähriban sizler
Meniň mekdep ýyllam — ýaşlyk ýyllarym.
Ýaşlygyň ýelgini, höwesi sende
Yhlasym, arzuwym möwç urýar mende.
Ýagşylygy yz galdyran serimde
Meniň mekdep ýyllam — ýaşlyk ýyllarym.
Gözümiz açyldy, kämillik ýetdi,
Okamaga has-da höwesim artdy.
Deňi-duşlam sizden göwnümiz hoşdur,
Meniň mekdep ýyllam — ýaşlyk ýyllarym.
Gözel aýdym, ajap saza meňzeşdir,
Pasyllardan bahar-ýaza meňzeşdir.
Näçe dowam etse, aza meňzeşdir,
Meniň mekdep ýyllam — ýaşlyk ýyllarym.
***
Mugallymyň ýatda sakla!
Uly hormat-sylag bilen
Mugallymyň ýatda sakla!
Sarpa goýşuň, synag bolan
Mugallymyň ýatda sakla!
Seň bilen gyzyklanýandyr,
Arzuwy-umydy kändir.
Ýoluňa garap ýörendir,
Mydam şony ýatda sakla!
Salama bar görme-görşe,
Göwni biter, garaň görse.
Derdi ýiter, baryp dursaň,
Mugallymyň ýatda sakla!
Seni uly ýola salan,
Ynam bilen garap galan,
Iň hormatly ynsan bolan,
Mugallymyň ýatda sakla!
Tümlükde ýagtylyk bolan,
Ynsana ýagşylyk bilen.
Gowluklar şonda jemlenen
Mugallymyň ýatda sakla!
Maýa BAÝRAMOWA,
Hojambaz etrabynyň 35-nji orta mekdebiniň okuwçysy.