Siziň üçin...Slider

Tomusky dynç alyş: peýdaly we gyzykly oýunlar

24-05-2023 / 23

Mekdep okuwçylary bilen birlikde, çagalar baglaryny körpeleri täze okuw ýyly — täze üstünlikleriň badalgasyna çenli aralykdaky tomusky dynç alyş möwsüminde manyly dynç alarlar, şadyýan döwran sürerler. Bagtyýar körpeleriň wagtyny has-da gyzykly, täsirli geçirmegi üçin ýurdumyzdaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri talabalaýyk işleri alyp barýarlar.

Bagtly çagalygyň mekany hasaplanýan meşhur Gökdere jülgesi her ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem körpe nesillerimiziň ençemesine gujagyny giňden açdy. Bilşimiz ýaly, Gökdere jülgesi jana şypaly arassa howasy, gaýtalanmajak tebigat gözellikleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Gojaman daglar, towlanyp akýan çeşme, salkyn jülge… behişdi mekana öwrülen bu ýerde «Gökderäniň aýdymyny» dillerine sena edinen çagalar özleriniň iň bir gyzykly, ýatdagalyjy, şadyýan pursatlaryny başdan geçirerler. Olaryň oňaýly dynç almaklary üçin «Nesil», «Nebitçi», «Altyn sümmül», «Altyn damja», «Altyn ýyldyz», «Demirýolçy», «Çeşme», «Çynar», «Şöhle» ýaly onlarça çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýär. Bu ýerdäki ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilen sport zallarynda, kompýuter we dynç alyş otaglarynda, kitaphanalarda, sport meýdançalarynda körpe nesiller tomusky dynç alşyň hözirini görerler.

Dynç alyş merkezleriniň guraýan çäreleri çagalaryň döredijilik bilen meşgullanmagynyň iň gowy usulydyr, iň aňsat ýoludyr. Gyzykly çäreleriň dowamynda çagalar topar bolup işlemegi we her bir işde birek-biregi goldamagy öwrenýärler. Esasy zat bolsa, olar mobil telefonlardan, kompýuterden uzakda bolýarlar. Diňe dynç alyş merkezlerinde däl, islendik ýerde ýerine ýetirip bolýan dürli oýunlaryň we güýmenjeler hem bar. 

Açyk meýdanda söz oýny

Bu oýun krossworda çalym edýär. Kagyza çap edilen krossworddan tapawutlylykda, çagalar bu oýunda uly harplar bilen sözleri özleri düzýärler. Oýnuň açyk meýdanda guralmagy çagalaryň tebigata bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Bu oýun körpejeleriň pikirleniş ukybyny ösdürip, olara täze sözleri öwrenmäge ýardam berýär.

«Ýeňiş gazanmak üçin bir minut» oýny

Çagalar üçin bir minutlyk oýunlar köpdür. Şeýle oýunlara gatnaşyjylara çalasynlygy, çydamlylygy talap edýän dürli ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin bir minut wagt berilýär. Bir minudyň dowamynda şerti dogry berjaý eden gatnaşyjy ýeňiji bolýar. Bu oýun çagalaryň işjeňligini artdyryp, wagty dogry sarp etmegi öwredýär.

Sungat we senetçilik

Çagalar elmydama gyzykly güýmenjeleriň gözleginde. Sungat we senetçilik bolsa olary güýmemegiň ajaýyp usulydyr. Olar kagyzdan, matadan, plastilinden we beýleki önümlerden dürli görnüşli şekilleri, enjamlary ýasamak bilen, özleriniň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirýärler. Şeýle oýunlar çaganyň ýatkeşligini hem ösdürýär.

Aýjemal BATYROWA,
Daşoguz şäheriniň 23-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu