Türkmen halysy — çeperçilik medeniýetiniň iň gymmatly hem-de iň kämil miraslarynyň biri. Ol türkmen halkynyň guwanjyna hem buýsanjyna öwrülip, kämilleşe-kämillleşe asyrlardan-asyrlara aşyp, nesillerden-nesillere geçip, biziň günlerimize ýetirilipdir.
Haly önümleriniň 40-dan hem köpräk görnüşi bize mälim bolup, ol halkymyzyň durmuş zerurlyklary, milli däp-dessurlarymyz bilen berk baglydyr. Biz gadymyýetde dörän haly görnüşleriniň birnäçesi barada okyjylarymyza maglumat berip geçmegi göwnejaý bildik.
Horjun — azyk we beýleki maýda zatlary salmak üçin ulanylýan iki gözli torba. Onuň agzyny köjäp (başgaça daňmak) bolýan ýüplerem bar.
Çuwal — geýim-gejim we goş-golam saklamak üçin niýetlenen halydan dokalan halta.
Eňsi — türkmen ak öýüniň gapysynyň daş ýüzünden asylýan haly önümi.
Gapylyk — öýüň gapysynyň iç ýüzünden bezeg üçin asylýan haly önümi.
Germeç — ak öýüň daşky bosagasyny bezemek üçin dokalýan haly.
Duztorba, çemçetorba, çanaktorba — bu haly önümleri duz, çemçe, çanak we ş.m zatlar salmak üçin niýetlenipdir.
Iklik — ýüp egirýän ik salmak üçin gap.
Ukbaş — göçülende öýüň uguna zeper ýetmez ýaly uga geýdirilýän haly önümi.
Ümür-duman — öýüň tüýnügini owadan, göze gelüwli bolmagy üçin ulanylýan haly önümi. Ol tüýnügi uklara birikdirýän 3-4 bölekden durýar.
Halyk — düýäniň arkasyna atylýan ortasy dilik halydan dokalýan önüm. Halyk gyşda düýe üşemez ýaly onuň üstüne hem atylýar.
Düýebaşlyk — düýäniň kellesinden başlap tutuş üstüne atylýar.
Maňlaýlyk — gelnalyja gitjek düýäniň maňlaýynyň bezegi.
Kejebelik — gelnalyja iberilýän düýäni bezemekde ulanylýar.
Dyzlyk (Düýedyzlyk) — düýäniň öň aýagynyň dyzlaryny bezemek üçin.
Asmalyk — gelniň münýän düýesini bezemekde ulanylýan haly önümi.
Athaly — atyň arkasyna ýapylýar.
Eýerlik — atyň eýeriniň üstünden ýapylýar.
Içirgi — atyň eýeriniň aşagyndan ýapylýar.
Bu haly görnüşleri özüniň berkligi, dokalyşynyň nepisligi, nagyşlarynyň, reňkleriniň aýratynlygy bilen tapawutlanypdyr. Bularyň köpüsi bezeg hökmünde ulanylyp, häli-häzire çenli uly ähmiýete eýe bolup gelýär. Käbirleri bolsa halkymyzyň durmuş, hal-ýagdaýynyň özgermegi bilen ulanyşdan galdy diýen ýaly.
Onuň deregine täzeden-täze haly önümler — möhüm wakalary, şahsyýetleri suratlandyrýan halylar, portret halylary, dürli görnüşli haly torbalary, oturgyçdyr diwanlar üçin haly örtgüleri, telefon halyçajyklary we başga-da birnäçe görnüşleri dokalyp, ol halkyň islegini doly kanagatlandyrýar.
Aýlar KURBANOWA,
Gunça AKMÄMMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyplary.