Siziň üçin...Slider

Körpeler we iňlis dili

24-05-2023 / 10

Hä­zir­ki wagt­da mek­de­be çen­li bi­lim eda­ra­la­ryn­da ça­ga­la­ry mek­de­be taý­ýar­la­mak işi ne­ti­je­li al­nyp ba­ryl­ýar. Ir­den ça­ga­la­ry my­la­ýym ýyl­gy­ryş bi­len gar­şy al­ýan, ola­ra ene ýa­ly mä­hir ber­ýän ter­bi­ýe­çi­ler öz iş­le­ri­ne yh­las bi­len ýa­pyş­ýar­lar. Bi­li­miň bin­ýa­dy berk­den tu­tu­lan­da, ça­ga­la­ryň gel­je­gi has hem aý­dyň bol­ýar. Ir­den ça­ga­lar ba­gy­na gel­ýän her bir ça­ga üç dil­de sa­lam be­rip, içe­ri gir­ýär­.

Ça­ga­lar bag­la­ryn­da iň­lis di­li sa­pak­la­ry ge­çi­len­de kör­pe­le­riň äh­li­si­niň iş­jeň gat­naş­ma­gy­ny ga­zan­mak mö­hüm­dir. Şun­da ter­bi­ýe­çi sa­pak­la­ry gy­zyk­ly we öz­bo­luş­ly gu­ra­ma­ga aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Sapakda dil öwretmegiň netijeli usullarynyň biri hem oýunlardan ýerlikli peýdalanmakdyr. 

Oýun — bu mekdep ýaşyna ýetmedik çagalaryň ýerine ýetirýän esasy işidir. Ol çagalaryň ählisini biri-biri bilen dostlaşdyrýan düşnükli bir dildir. Iňlis dilini öwretmekde oýunlaryň usul hökmünde ulanylmagy sapagyň täsirliligini artdyrýar. Çagalar iňlis dilindäki sözleri uly höwes bilen ýat tutýarlar, gaýtalaýarlar. Hereketli we beýleki oýunlar, oýnawaçlar, haýwanlaryň şekilleri hem-de dürli suratlar arkaly sapagyň her bir minutynda çagalaryň iňlis diline gyzyklanmasyny, höwesini artdyrmak bolýar. Mysal üçin, mekdebe çenli toparyň çagalary bilen: «Animals» (Haýwanlar) diýen tema geçilende, «What сan you do?» (Sen nämäni başarýarsyň?) oýnuny guramak has täsirlidir. Çagalar bu oýny oýnanlarynda, haýsydyr bir haýwanyň häsiýetini göz öňüne getirmegi tabşyrýaryn, olara: «What сan you do?» diýip, sorag berýärin. Çagalar bolsa: «I can run/jump/swim/fly (Men ylgap, böküp, ýüzüp, uçup bilýärin) diýip jogap berýärler.

Ter­bi­ýe­çi­ler­dir mu­gal­lym­lar okat­ma­gyň dür­li usul­la­ryn­dan hem se­riş­de­le­rin­den peý­da­lan­mak bi­len, okuw işi­niň ne­ti­je­li bol­ma­gy ug­run­da ýa­daw­syz zäh­met çek­ýär­ler. Ýer­lik­li peý­da­la­nyl­ýan se­riş­de­ler okat­ma­gyň usul­la­ry­nyň peýdaly bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Mek­de­be çen­li döw­ri ça­ga­nyň pi­kir­len­me­si­niň güýç­li dep­gin­de ös­ýän döw­ri bol­ýar. Şun­da komp­ýu­ter iş­jeň­li­gi artdyrmagyň esa­sy se­riş­de­si bo­lup dur­ýar.

Äşe MAHMUDOWA,
Daşoguz şäheriniň 37-nji çagalar bakja-bagynyň iňlis dili mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu