SliderSöz içinde gelin-gyzlar bolanda...

Ýaşmak — ýaşyryn saklamak

24-05-2023 / 16

Ýaşynmak täze gelinlik döwründen başlanýar. Ýaşmakly bolsaňyz siz özüňizi ýaş gelin ýaly duýmagyňyz hem mümkin. Ýaşynyp dulda bezeg bolup oturmak miýesser edýän bolsa siz gujurly erkekler tarapyndan daşy gallanyp, apalanyp saklanýan maşgalasyňyz. Bu bagt hemme zenana ýetdirýän paý däldir, şonuň gadryny bilýänligiňiz üçin hem ýaşynanyňa degýär.

Ýaşynmak, töweregiňdäkiler bilen gürleşmezlik däl. Ol gelin syrlarynyň gymmatyny artdyrýan endik. Gelniň syryny adamsyndan, baldyzyndan, ýakyn eltisinden başga adamlaryň bilmezligi üçin amatly ýagdaýy döredýär. Zenan ömrüniň duýgulara baý bolýan gelinlik döwri näçe syrly bolsa şonça-da gymmatly bolýar.  Enelerimiz täze gelniň gelinlik gylawynyň uzagraga çekmegi, özüni ýaňy gelen gelin ýaly duýmagy üçin ýaşmagy oýlap tapan bolmaklary ahmal. Bu duýgular täze gelniň durmuşyny içgysgynçlyga öwürmän gaýtam onda üýtgeşik bir süýjüligi saklamak maksadyndan ugur alýan bolmagam mümkin.

Ýaşmak ýaşynmagyň öz gözelligi bar, onuň hem öz ýeri, sredasy bar. Aýakgabyň aýaga, başgabyň başa geýilişi ýaly ýaşmak hem öz ýerinde, öz wagtynda ýaşynylsa gelşikli bolýar. Ýaşmak—ýygşyrmak, ýaşyryn saklamak ýaly manylary bolan, juda owadan ýasalan söz. Ýaşynmak dessury türkmen durmuşynyň tapylgysyz aýratynlygy hökmünde goralyp saklanmaga mynasyp.

Ýaşmakly geliniň gözelligi, ýaşmaksyz gelniň gözelliginden zyýadadyr. Çünki zenan diýilýän hadysanyň gysymynda syr bagynda bitýän islendik nahalyň tohumy bar. Syr saklaýan mähekdaşlar ýaşynmasa syrlar äşgär bolar. Ýaşmakly gelinler durmuşymyzyň mähekdaşlary ahyry. Olar tapylgysyz gymmatyna düşünilýän jemgyýetde hakyky bahasyna mynasyp bolup biler.

Gülpam HAJYGURBANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu