Bir adalatly patyşa bar eken. Onuň deňsiz-taýsyz adalaty baradaky gürrüňler goňşy döwletlere hem ýaýrapdyr. Şol döwrülerde suratkeşleriň arasynda kimiň suraty has owadan çekip bilýänligi barada jedel döräp, bu jedel hem wagty bilen çözülmän, ahyr soňky çözgüdi tapyp bermegi adalatly patyşadan haýyş edipdirler. Patyşa munuň üçin olary synap görjekdigini aýdypdyr we synagyň nähili geçirilmelidigi barada bäsdeşleriň tekliplerini öwrenipdir, şeýle hem olary iki topara bölüpdir.
Birinji topardaky suratkeşler bäsleşýän toparlaryň her haýsysynyň aýratyn otagy bezemelidigini aýdypdyrlar. Şeýle bolanda, hiç kim hiç kimden göçürip bilmez diýen netijä gelipdirler.
Ikinji topardaky suratkeşler bolsa, tersine, iki tarap hem şol bir otagyň diwarlaryny bezemeli diýen karara gelipdirler. Ýöne otagda aradan ses we görnüş geçmez ýaly örtük bolmaly. Eserler tamamlanansoň, örtük aýrylyp, edilen işlere baha berilmeli. Şonda kimiň has gowy eser döredendigi mälim bolar.
Adalatly patyşa ikinji topardaky suratkeşleriň teklibini has oňaýly görüp, bäsleşigi bir otagda geçirmegi göz öňüne tutupdyr. Munuň üçin talap edilýän şekilde otag taýýar edilipdir. Edil aýdylyşy ýaly, otag galyň örtük bilen ikä bölünipdir.
Surat eserleri döredilýärkä, adalatly patyşa iki tarap hem näme gerek diýse, üpjün edip durupdyr. Esasan hem, dürli reňk sorap, hytaýly suratkeşler kän gelipdirler. Ýöne, näme üçindir, ikinji topardaky suratkeşlere reňk kän gerek bolmandyr. Hatda olar işlerini bäsdeşlerinden öňde-de tamamlapdyrlar.
Birinji topardaky suratkeşler işini tamamlansoň, patyşa döredilen eserleri synlamaga gelidpir. Aýdylyşy ýaly, otagy ikä bölüp duran örtük hem aýrylypdyr. Patyşa ilki bilen birinji toparyň suratkeşleriniň bezän diwaryny synlapdyr. Hakykatdan-da, diwaryň gözelligini synlamaga göz, wasp etmäge söz gerekmiş. Her kim owadan bezegleri agzyny açyp synlapdyr. Gözler garşydaky diwara düşende welin, hiç kim aýdara söz hem tapmandyr.
Ikinji topardaky suratkeşler diwar ýylmap, edil aýna ýaly edipdirler. Şeýlelikde, hytaýly suratkeşleriň döreden eseri garşydaky diwarda şöhlelenip, has owadan keşbe giripdir. Garşy diwardaky surat hakyky bolşundan-da owadanmyş.
Käte şuglanyň nädip emele gelýändigini kesgitläp hem gözellik döredip bolýar.
Taýýarlan: Şasenem HOMMAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.