Habarlar

«LEGO» dünýä kartasyny hödürledi

23-05-2023 / 5078

Çaga oýnawaçlary bazarynda öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan «LEGO» öz müşderilerine gurnalýan dünýä kartasyny hödürledi. Ol 11695 sany lego oýnawaç böleklerinden düzülýär.

Gurnalýan oýnawaç kartanyň ölçegi 104×65 santimetre deňdir. Kompaniýanyň habar bermegine görä, bu häzirki wagta çenli gurnalýan dünýä kartasynyň iň ulusydyr. Onda 40 dürli reňklerden peýdalanylypdyr. Kartany gurnamagyň usuly-gözükdirijisi bolup, ony 3 görnüşde amala aşyrmak mümkindir.

Ony diwardan asyp goýmak üçin ýörite çarçuwasy hem bardyr. «LEGO Art dünýä kartasy diňe bir çagalarda däl, eýsem uly ýaşly adamlarda hem uly gyzyklanma döreder» diýip, kompaniýanyň hünärmenleri habar berýärler. Indi her bir adam bu gurnama kartanyň kömegi bilen dünýäni her gezek özi üçin gaýtadan açar.

Dursunjemal ARMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu