
Türkmen halkynyň akyldar şahyry, ruhy atamyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik älemi baý we hemmetaraplydyr. Ajaýyp eserleri döreden, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen pelsepesini, kalbynyň owazyny, isleg-arzuwlaryny dünýä ýaýan beýik söz ussadynyň agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýan ajaýyp şygyrlaryny halkymyz ruhy ýörelge hökmünde kabul edýär. Agzybirlik, jebislik, bitewülik il-ulsumyzyň gadymdan gelýän esasy ýol-ýörelgesi. Magtymguly Pyragy bolsa bu ýörelgäni ajaýyp şygyrlary bilen watandaşlaryna wagyz eden beýik danadyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň döredijiligine uly orun berilýär. Gahryman Arkadagymyz: «Ruhy baýlyk ebedi ýaşaýar. Magtymguly akyldaryň mirasy hem şeýle baýlykdyr. Halkymyzyň hakydasynda ýaşaýan, zandyna ornan mirasydyr» diýip belleýär.
Bütin durky il-gününe bolan söýgüsi bilen ýugrulan Magtymguly diňe öz döwrüniň däl, eýsem, geljekki nesilleriň ruhunda we kalbynda ebedi ýaşajak mukaddes ýörelgäni döretdi. Türkmen edebiýatynda Watany wasp etmegiň beýik mekdebini döretdi.
Magtymguly öz şygyrlarynda halkynyň egsilmez baýlygy we ata-babalarynyň gözel mirasy bolan halk döredijiligine uly orun berýär. Şonuň üçin hem onuň goşgulary halk köpçüligi üçin örän düşnükli hem-de şeýle bir ýakymly, täsirli bolup, olaryň ruhuna we bütin kalbyna ornaýar. Ol öz edebi däbinde uly bir täzelik getirýär, ýagny goşgularyny öz döwründäki türkmen halk köpçüligine örän düşnükli, halky äheňde ýazýar. Magtymgula milli şahyr diýilmegiň bir sebäbi-de şundan ybaratdyr. Magtymguly bu ýörelgäni zamanasynyň talaplaryna laýyklykda ösdürýär. Akyldar şahyr türkmen diliniň baýlyklaryndan peýdalanyp, milli edebiýatymyzyň ösmegine, baýlaşmagyna uly goşant goşýar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ady, şygyrlary dünýä dillerinde ýaň salýar.
Magtymgulynyň döredijiliginde Muhammet ibn Musa al-Horezmi, Abu Nasyr
Muhammet ibn al-Faraby, Abu reýhan Muhammet al-Biruny, Abu Aly Hüseýin ibn
Abdallah ibn Sina, Kyýaseddin Abulfath Omar ibn Ybraýym Nişapuri (Omar
Haýýam), Fahr ed-din ar-Razy, Abu Mansur Abdurahman al-Hazyny, Abu Sahyt as-Samany, Abulkasym Mahmyt ibn Omar ibn Ahmet az-Zamahşary, Ýusup
Balasugunly ýaly dünýä belli alymlar, Ebulkasym Ferdöwsi, Seýit Ymameddin
Nesimi, Nyzamy Genjewi, Merwezi, Unsury, Enweri, Rudaky, Saady, Ýunus Emre,
Jelaleddin Rumy, Abdyrahman Jamy, Garajaoglan ýaly şahyrlar, Abu Seýit Fazlylla
Ahmet bin Muhammet bin Ybraýym (Mäne baba), Saragt baba, Hoja Ahmet
Ýasawy, Hoja Ýusup Hemedany, Mahmyt Gazaly ýaly dünýä belli dini-pelsepeçi alymlar, Mahmyt Gaznaly, Togrul beg, Çagry beg, Alp-Arslan ýaly serkerdeler,
Nyzam al-Mülk, Hojam al-Mülk ýaly meşhur syýasatçylar, guran beýik binalarynyň
şan-şöhraty häzirki döwre çenli dowam edip gelýän binagärler, orta asyrlarda
sadranç (küşt) oýny boýunça dünýäniň çempiony bolan, asly saragtly as-Suly ýaly
ençeme görnükli şahslaryň atlaryna gabat gelmek bolýar.
Magtymguly Pyragy türkmen akyldary hökmünde dünýäniň köp halklaryna meşhur boldy.
Aýşat AKYLLYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.



