HabarlarSlider

96-njy «Oskar» baýrak gowşurylyş dabarasy geçiriler

22-05-2023 / 4

Amerikanyň Kinofilm sungat we ylymlar akademiýasy, 96-njy akademiýa baýrak gowşurylyş dabarasynyň haçan geçiriljekdigi barada habar berdi. Maglumatlara görä, akademiýa bu çäräni 2024-nji ýylyň 10-njy martynda geçirmegi meýilleşdirýär.

Nobatdaky baýrak üçin taslamalar 2023-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli hödürlenip bilner. Olaryň sanawy 11-nji dekabrda, dalaşgärleriň sanawy bolsa 23-nji ýanwarda yglan ediler.

Ýatlap geçsek, 95-nji «Oskar» baýrak gowşurylyş dabarasy 2023-nji ýylyň 12-nji martynda geçirilipdi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu