SliderŽurnalistiň sahypasy

Adamzadyň bahasyz baýlygy — ylym

22-05-2023 / 11

Okan kitaplarymyň birinde şeýle jümlä gabat gelipdim. Araplar alym, amal edýän we öwredýän adama: «Goşmaçaly köçe» diýýärler. Tüýs jüpüne düşen deňeşdirme. Dogrudanam, içgin pikirlenseň, ylym-bilimden ýüki ýetik adamyň ähli babatda mümkinçiligi çäksiz. Ol dünýäniň islendik sowalyna jogap tapyp oturandyr.

Ýene bir rowaýata ýüzleneliň. Bir adam Eflatundan:
— Sen bu ylymlaryň hemmesini edinmäge nädip güýç tapdyň? — diýip sorapdyr.
Onda ol:
— Zeýtun ýagyny çyrada bütin ömrümde içen suwumdan hem köp ýakdym — diýip jogap beripdir.

Dogrudan-da, ylym köpgatlakly we örän çylşyrymly bilimden gözbaşlydyr. Ol bir ýerde durmaýar, hemişe hereketdedir. Ylmyň ösüş ugurlary bilen geljegiň täze giňişliklerine aralaşýarys. Şeýlelikde, jemgyýetiň döredijilik aňynyň bitewileşdirilen ulgamyny döredýäris, ýagny ylym ulgamyny düzýäris. Taryhçylar we jemgyýeti öwreniji alymlar halkyň ähli eýýamlarda gazanan ruhy we medeni baýlyklaryny gymmatlyk ölçeglerde däl-de, mentalitet adalgasy bilen baglanyşdyryp düşündirýärler. Halkyň mentalitetiniň ýokarydygy ylmyň çygrynda sowatlylygyny aňladýar. Adamzadyň bahasyz baýlygy ylymda jemlenendir.

Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir. Täze ideýalar we açyşlar ylmyň ruhy esaslaryny döredýär. Onuň binýady we häsiýeti jemgyýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, ahlak kadalaryny, gözellik ýörelgelerini özünde jemleýär. Ine, şu esaslarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda döwlet syýasaty ýöredilýär.

Milli bilim-ylym ulgamyny kämilleşdirmek işi birjik-de ünsden düşürilmeýär. Häzirki günde mekdepleriň ähli basgançaklary ylmy esasly täze gurluşa geçirildi. Ýokary okuw mekdepleriniň kafedralarynyň we fakultetleriniň sany artdyryldy, şol sanda hünärleriň sany mese-mälim artdyryldy, harby lukmançylyk hünäri hem-de hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetleri açylyp, olaryň işi ýola goýuldy.

Häzir Türkmenistan iri halkara guramalary we ylmy merkezleri bilen ylym hem-de ýokary tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzda ýokary döwlet edarasy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy işleýär. Onuň ýolbaşçylygynda döwletiň ylmy-tehniki syýasaty durmuşa geçirilýär.

Serdar MEREDOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu