Siziň üçin...Slider

Matematika hemme ýerde bar

22-05-2023 / 4

Matematikanyň ýokary bilim berijilik güýji bar, ol okuwçylaryň akyl ukyplaryny ösdürýär.
Dmitriý Pisarew.

Matematikanyň düşünilip okalan on sahypasy ýat tutulyp we düşünilmedik ýüz sahypasyndan gowudyr.
Djon Ýung.

Matematika maňa esasan hem pikir ýöretmeleriň dogrulygy we açyklygy üçin ýarady.
Rene Dekart.

Matematiki şekilleri we ululyklary deňeşdirmek oýun üçin we paýhas öwrenmek üçin serişde bolup hyzmat edýär.
Genrih Pestalossi.

Haçan-da, çagalar matematikanyň beýleki ylymlar bilen baglanyşyklydygyny görenden soň matematika janlanar, kyn görülýän dersden bilim pudagyna öwrüler.
Nadežda Krupskaýa.

Bilim şeýle gymmatly baýlyk bolany üçin ony çem gelen kişiden öwrenmegiň hiç hili aýby ýok.
Abul Faraj.

Eger men okuwy täzeden başlamaly bolan bolsam, onda Platonyň maslahatyna eýerip, birinji bilen matematikany öwrenerdim.
Galileo Galileý.

Eger biz hakykatdan hem bir zady bilýän bolsak, onda ony matematikany öwrenmek bilen bilýändiris.
Pýer Gassendi.

Matematika senetçiligi ýeňilleşdirýän adamlaryň zähmetini azaldýan gural bolup hyzmat edýär.
Rene Dekart.

Toplan: Jeren ÖWLÝAKULYÝEWA,
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu