Habarlar

Döredijilik wekiliýeti Magtymguly Pyragynyň aramgähine zyýarat etdi

20-05-2023 / 12

17 – 19-njy maý aralygynda Mejlisiň deputatlarynyň, ýurdumyzyň medeniýet, sungat, ylym-bilim işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, il sylagly ýaşulularyň, şeýle hem jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat bolan Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasynda ýerleşýän Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň aramgählerine zyýarat saparyny amala aşyrdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Saparyň dowamynda ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Inçeburun şäherinde Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçihanasynyň wekilleri, şäher häkimliginiň, medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň köp sanlysy tarapyndan mähirli garşylandy. Şäheriň merkezindäki döredijilik öýüniň meýdançasynda eýranly türkmenleriň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan çykyşlara tomaşa edildi. Bu ýerde milli tanslarymyz, türkmen halk aýdymlary ýerine ýetirildi.

Türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan şäherleriniň biri bolan Gülüstan welaýatynyň Marawadepe şäherinde Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň hatyrasyna, şeýle-de türkmen-eýran dostlugynyň hormatyna sadaka berlip, ýagşy doga-dilegler edildi. Bu ýerde gür ilatly Türkmensähra sebitiniň dürli künjeklerinden gelen türkmen alymlary, ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wagyz etmek, ylmy taýdan derňemek we goşgularyny çap edip, okyjylara ýetirmek bilen bagly alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu