
20-nji maýda Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Bir goşgynyň teswiri» ady bilen talyplaryň onlaýn duşuşygynyň birinji tapgyry geçirildi. Çäre Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň meýilnamasyndan ugur alnyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde guraldy. Onlaýn duşuşyga ýurdumyzyň birnäçe ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary işjeň gatnaşdylar we şahyryň setirlerini çuň teswirlediler.

Çäre talyplaryň Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna bolan gyzyklanmalaryny has-da artdyrdy. Duşuşygyň nobatdaky tapgyrlary «Magtymguly sözüm gysga, şerhi köp» we «Magtymguly Pyragy – çeper sözüň ussady» diýen mowzuklar boýunça onlaýn tertipde dowam etdiriler.



