1-nji iýun diňe bir tomus paslynyň başlanýan aýy bolman, eýsem, ol siziň tomusky dynç alyş möwsümiňiziň başlanýandygynyň buşlukçysydyr. Aýyň şu senesinde ýörite Çagalary goramagyň halkara güni bütin dünýä bolup bellenilýär. Bu baýramçylygyň özboluşly döreýiş taryhy bar.
Çagalary goramagyň halkara güni 68 ýyl bäri bütin dünýä boýunça her ýylyň 1-nji iýunynda baýramçylyk hökmünde bellenilip geçilýär. Bu karar 1949-njy ýylda Pariž şäherinde Halkara zenanlar birleşiginiň ýygnagynda kabul edilýär we 1950-nji ýylda ilkinji gezek 51 döwletde bellenilýär.
Aslynda bu baýramçylygyň taryhy 1925-nji ýyldan başlanýar. San-Fransiskodaky hytaýyň baş wekili çagalar öýündäki çagalar üçin hytaýyň milli baýramlarynyň biri bolan «duanu-jie» (aždarha gaýyklaryndaky ýaryş) baýramçylyk mynasybetli ýörite hezzetli üýşmeleň guraýar. Şu wakanyň bolan wagty Ženewada 1-nji iýunda halkara maslahaty geçirilýän eken. Ol maslahatda ýaş nesilleriň üpjünçiligi, olaryň ýagdaýlary bilen bagly bolan ähli zatlar ara alnyp maslahat edilipdir.
Şu iki sebäp hut çagalar baýramçylygyň döremegine esas bolýar. Netijede, 1959-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Ýaş nesil goragly bolmaly» diýen maksat bilen dünýä ýurtlarynyň ünsüni çekýän makalalar toplumy şol sanda olaryň kanundaky orny anyk kesgitlenip, ymykly çözgüt kabul edilýär we 30 ýyldan soňra, ýagny 1989-njy ýylda ýörite Konwensiýa kabul edilýär. Onda her bir döwletiň öz kiçijik raýatlarynyň öňündäki borçlary jikme-jik beýan edilýär.
Ýene-de bir täsin zat Halkara çagalar gününiň nyşany — ýörite baýdagynyň bolmagydyr. Onda ýaşyl reňkdäki ýer şarynyň keşbi janlanyp, bir-biriniň ellerini mäkäm tutan dürli ýerli çagalaryň jebisligi suratlandyrylan.
Merdan GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.