«Lego» oýnawaçlaryny bilmeýän az bolsa gerek. Çykgytlary beýleki oýnawaçlara girizmek arkaly düzülip oýnalýan hem-de çagalaryň iň söýgüli oýnawajy «Lego»-nyň şu günki günde dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda ýüzlerçe dükany bar. 1949-njy ýylda agaç ussasy Ole Kirk Kristianseniň esaslandyran şereketi Daniýanyň iň meşhur şereketi hasaplanylýar.
1891-nji ýylyň 7-nji aprelinde dünýä inen Ole Kirk Kristiansen 25 ýaşlaryndaka ýaşaýan şäheri Billundda köneje ussahana satyn alýar. 21 ýyllyk ussahanany satyn alan Kristiansen bu ýerde özüniň söýgüli kärini – ýonaçylyk hünärini dowam etdirýär. Ýöne onuň bu kiçeňräk eklençhanasynda 1924-nji ýylda ýangyn döreýär. Bu pajygaly waka ony ruhdan düşürmeýär. Ol dessine täze ussahana açýar. Üstesine-de täze önümler ýasap başlaýar. Sähelçe wagtyň dowamynda, has takygy, 1932-nji ýyldan soň onuň şol köneje ussahanasy tagtadan ýasalan oýnawaçlar bilen tanalyp ugraýar. Ol 1942-nji ýylda şol oýnawaçlaryna Daniýalylaryň dilinde «gowy oýun» ýa-da «gowy oýna» diýen manylary aňladýan «Leg Godt» sözlerinden emele gelen «Lego» adyny dakýar. «Lego» şol bir wagtyň özünde latyn dilinde jemlemek, üýşürip birikdirmek diýen manylary hem aňladýar.
1947-nji ýyldan başlap bu şereketde plastmassadan oýnawaç önümçiligi ýola goýulýar. 2 ýyldan soň häzirki «Lego» oýnawaçlaryna meňzeş oýunjaklar öndürilip başlanýar. 1949-njy ýylda bolsa häzirki wagtda hemmä tanyş bolan LEGO oýnawaçlary peýda bolýar. Bu bolsa şereketiň resmi ýagdaýda döredilen ýyly bolýar.
1958-nji ýylda Ole Kirk Kristiansen aradan çykýar we 38 ýaşyndaky ogly Gotfrid kakasynyň ornuna geçýär. Şereket 1966-njy ýylda özüniň ilkinji oýunjak otlusyny ýasaýar. Şeýlelikde, mundan soň «Lego» oýnawaçlaryndan diňe beýik binalar düzülmän, eýsem, olar hereket hem edip başlaýar.
1960-njy ýyllaryň başynda Gotfrid Kirk Kristiansen ilkinji «Legoland»-yň düýbüni tutýar. Şol ýyllarda fabrigiň içinde «Lego» oýnawaçlaryndan ybarat bolan kiçeňräk sergi açylýar. Soňlugy bilen sergi fabrigiň howlusynda geçirilýär. 1967-nji ýylda öndürilip başlanan «Lego»-nyň «Duplo» oýnawaçlary-da şol sergiden soň peýda bolýar. 1968-nji ýylyň 7-nji iýunynda «Lego»-nyň dörän ýeri Billund şäherinde ilkinji «Legoland» güýmenje seýilgähi açylýar. 38 müň inedördül meýdany tutýan bu seýilgähe diňe «Lego» oýnawaçlaryndan ýasalan öýjagazlar, şäherjikler, otlular, gämiler, gurluşyk ulgamynda ulanylýan ulaglar, tebigy gözellikler ýerleşdirilýär. Häzirki wagtda Billunddaky «Legoland»-a ýylda ortaça 2 milliondan gowrak jahankeşde syýahat edýär. Soňlugy bilen «Legoland» seýilgähleri Windsor (Angliýa), Gýunsburg (Germaniýa), Karslbad (Kaliforniýa, ABŞ), Nusajaýa (Malaýziýa), Dubaý (BAE) hem-de Şanhaý (Hytaý) şäherlerinde-de gurulýar. Dünýäde umumylykda 7 sany «Legoland» bar.
«Lego» 1988-nji ýylda ABŞ-nyň meşhur MIT uniwersiteti bilen işleşip başlaýar. Netijede, kompýuter arkaly erk edip bolýan oýnawaçlaryň önümçiligi ýola goýulýar. Soňlugy bilen «Ýyldyz söweşleri», «Garri Potter», «Betmen» ýaly millionlarça muşdakly kinofilmleriň gahrymanlaryny şekillendirýän «Lego» oýnawaçlarynyň önümçiligine başlanýar.
Häzirki wagtda şerekete Kristiansenleriň maşgalasynyň 4-nji nesli Tomas Kirk Kristiansen ýolbaşçylyk edýär. Şu günki günde «Lego»-nyň dünýä bazaryndaky gymmaty 30 milliard dollar töwereginde bolup, Kristiansenler Daniýanyň iň baý maşgalasydyr. Şereketiň merkezi edara binasy Billund şäherinde ýerleşip, oýnawaçlaryň hemmesi diýen ýaly Meksikadaky, Hytaýdaky, Çehiýadaky hem-de Daniýadaky fabriklerinde öndürilýär. Dünýäniň iň öňdebaryjy brendleriniň hatarynda görkezilýän şereket 2015-nji ýylda 600 milliard «Lego» oýnawajyny öndürdi. Diňe bir çagalary dal, eýsem, ululary hem özüne maýyl edýän «Lego» oýnawaçlarynyň görnüşi juda köpdür. 2017-nji ýylda «Lego» oýnawaçlaryndan adaty öý hem guruldy. «Lego» oýnawaçlary diňe güýmenje bolman, eýsem, ol çagalaryň ugurtapyjylygyny, ýatkeşligini, iş başarjaňlygyny, belli bir derejede döredijilik ukybyny-da artdyrýar.
Atajan GURBANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.