
18-19-njy maýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçirilen «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2023» XIV halkara ykdysady forumy dürli döwletlerden wekilleri bir ýere jemlemek bilen, özara pikirdir tejribe alyşmagyň, ösüş strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşmagyň netijeli meýdançasyna öwrüldi. Dünýä döwletleriniň 84-sinden 15 müňe golaý wekiliň gatnaşmagynda ýokary derejede guralan foruma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam bermek maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Karary esasynda şu ýyl federal derejesi berlen ykdysady ugurly bu çäre «Ynanyşmak we hyzmatdaşlyk» şygary astynda guralyp, daşary ýurtlaryň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, iri ulag-logistika kompaniýalarynyň, maliýe düzümleriniň ýolbaşçylarynydyr wekillerini, köp sanly diplomatlarydyr bilermenleri bir meýdançanyň başynda jemledi.
On dördünji gezek geçirilen Kazan forumynyň maksatnamasy dürli mazmunly çäreleriň giň toplumyny öz içine aldy. Hususan-da, 18-nji maýda forumyň hem-de halal önümçiligine bagyşlanan «Russia Halal Expo» atly halkara sergi, şeýle-de ulag-infrastruktura taslamalarynyň sergisi, «Russia Halal Market» ýarmarkasy dabaraly ýagdaýda açyldy. Halkara derejeli bu gözden geçirilişiň çäklerinde ýerli önümlerden ybarat bolan Türkmenistanyň diwarlygy hem gurnaldy. Şol gün türkmen wekiliýeti «Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň ösüşi» atly mowzuklaýyn mejlisiň işine gatnaşdy.
«Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2023» forumynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem birnäçesini geçirdi.
«TürkmenGazet».



