Habarlar

Döwlet Baştutanymyz “Merkezi Aziýa — Hytaý” birinji sammitine gatnaşdy

20-05-2023 / 8

19-njy maýda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşdy.

HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Sammitiň resmi banneriniň, “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyna gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, foruma gatnaşyjylar “Linde” zalyna çagyryldy.

Duşuşygyň barşynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen birlikde, ozal gazanylan döwletara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine seljerme we syn berildi. Geljekki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, bu format, gürrüňsiz, Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berer, gazanylan ylalaşyklar bolsa alty döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň esasyny berkider.

Döwlet Baştutanlary forumyň her iki ýyldan Hytaýda we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda nobatma-nobat geçirilmegi hakynda ylalaşdylar.

Gün tertibine girizilen meseleler ara alnyp maslahatlaşylandan soňra, “Szýançžan” zalynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitiniň Sian Jarnamasy şu duşuşygyň möhüm netijesidir.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu